SPORT

Alonso “Barselona” geçdi

Ispaniýanyň “Barselona” topary birnäçe möhüm transferleri amala aşyryp, düzümini güýçlendirdi. Robert Lewandowski ýaly güýçli futbolçyny hataryna goşan “Barselona” topary goragçylardan Marko Alonso bilen şertnama baglaşdy. Alonso ozal, “Çelsi” toparynyň düzüminde çykyş edýärdi.

Mälim bolşy ýaly, “Barselona” toparynyň düzümindäki Pýer-Emerik Obameýang “Çelsi” toparyna geçipdi. Bu topardan Alonso bolsa, “Barselona” geçdi.

Marko Alonso täze topary bilen 2023-nji ýylyň ahyryna çneli şertnama baglaşdy. Bu futbolçyny satyn almak üçin 50 million ýewro baha bellendi.

Alonso “Barselona” toparyna geçmek üçin “Çelsi” topary bilen şertnamasyny ýatyrdy. Ol erkin futbolçy hökmünde geçdi.

Related posts

Meşhur brazil futbolçy Mario Zagallo aradan çykdy

100 günden soňra “Premier Liga” başlaýar

AFK-nyň Kubogy-2021: türkmen toparlarynyň duşuşyklary başlaýar