Güller — diňe bir gözi begendirmek bilen çäklenmän, eýsem olar adamlara uly peýda getirip hem bilýärler. Şeýlelik-de käbir ösümlikler mineral ýataklaryny tapmaga kömek edýär. Mysal üçin, çekirtge liliýalary, adonizler hekine baý topraklarda ösýärler, gyrmyzylar sink, uky otlary – nikel we kobaltyň köpelendigini görkezýärler.
Güller bagbanlar üçin peýdaly bolup olar, kalendula, marigoldlar, ýorunjalar bagdaky goňşularyny zyýankeşlerden, geraniumlar zyýanly mör-möjekleri ýapyk ösümliklerden goraýarlar. Şeýle hem romaşka mekgejöwen, bugdaý we çowdary bilen ekilende olar üçin örän peýdalydygy tassyklandy.
Ýakynda birnäçe ösümlikler bilen käbir minerallaryň ýataklarynyň arasyndaky baglanyşyk ylmy taýdan subut edildi. Mysal üçin, Awstriýada we Hytaýda, misiň köp mukdary bolan topraklary has gowy görýän ösümlikleriň kömegi bilen mis ýataklary tapyldy. Mundan başga-da Amerikada ösümlikleriň kömegi bilen kümüş ýataklary tapyldy.
Käwagt käbir ösümlikleriň nejis ösüşi sebäpli geologlar toprakda köp minerallaryň bardygyny öwrenýärler. Mysal üçin, adaty bor düzümi bolan topraklarda gurçuk, towuk ýaly ösümlikler ýokary ösýär we bu elementi köp bolan topraklarda bu ösümlikler kiçi bolýar. Gök gül ýapraklarynyň üýtgän görnüşi, ýeriň aşagynda gurşun we sink ýataklarynyň bardygyny, adaty bolmadyk dar ýaprakly bägül gülleri mis ýa-da molibden ýataklary üçin niýetlenendigini görkezýär. Ösümlik kaşaň gülleýän bolsa, suwuň süýjidigini, gowşak we ýapraklarda ýeňil örtük peýda bolsa suwuň duzlydygyny görkezýär.
Taýýarlan Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türmen oba hojalyk institutynyň talyby.