Nýu-Ýorkuň Bruklin köprüsinde bir kör dilegçi geçip barýan şahyryň ünsüni özüne çekýär. Şahyr dilegçiniň ýanyna baryp görse, onuň boýnunda asylan bir kagyz bar eken. Geň galyp duran ýaňky şahyr ondan her gün näçeräk pul gazanýandygyny sorapdyr. Oturan dilegçi bolsa onuň bu soragyna geň galyp seredipdirde, günde 8 dollara golaý gazanýandygyny aýdýar.
Soňra şahyr onuň boýnunda asylgy kagyzy arka tarapyna öwrüp, bir zatlar ýazypdyr-da oňa: “Men bu hatda seniň gözüňi bejertmegiň üçin köpräk pul gazanaryň ýaly bir zatlar ýazdym. Bir hepdeden soň ýanyňa gelenimde, netijäňi maňa aýt” diýip, ýoluny dowam edýär. Aradan bir hepde geçenden soňra şahyr ýene-de dilegçiniň ýanyna gelip, özüni tanadýar.
Dilegçi şahyryň gelendigine begenip, oňa: “Jenap, men size öz minnetdarlygymy bildirip bilmedim. Bir hepdede gazanjym öňküsinden iki esse artdy. Eger mümkin bolsa boýnumdaky kagyza näme ýazandygyňyzy aýdaýyň?” diýýär. Soňra şahyr oňa mähirli ýylgyryp, seniň şol kagyzyňda ilki “Men kiçiligimden kör, maňa kömek ediň” diýip ýazylgy durdy. Men bolsa ony “Basym bahar geler we men ýene-de tebigatyň gözel keşbini synlap bilmerin” diýip, ýazandygyny aýdypdyr. Esasy zat, aýdyljak zady iň oňat görnüşde beýan etmekdir. Unutma! Elbetde, ähli zady iň gowy şekilde düşündirip boljak bir ýol bar. Ony tapmaga, ulanmaga we gözýetimiňi bu ugurda giňeltmäge çalyş!
Terjime eden: Akmuhammet Baýlyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
8-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama