SÖHBETDEŞLIK

Gözel Annahanowa: sungat ýolunda kemal tapan ýüregim

Döredijilik ― bu ynsanyň kalp joşmasy, durmuşynyň we zehininiň aýrylmaz bölegi. Haçanda ynsan arzuwly kärine eýe bolanda, lezzetli durmuşa şaýat bolýar. Kalby we dünýäsi mydama ala-ýaz bolýar.

Şeýle arzuwly menzilleri nazarlap, ykbalyny sungatyň inçe ýollaryna baglan aýdymçy, opera sungatynyň görnükli wekili Gözel Annahanowa bu gün “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “atavatan-turkmenistan.com” saýtymyzda myhmançylykda. Gözel özüniň ýaşlygyna garamazdan opera sungatynda birnäçe türkmen görnükli halypalar bilen mukaddes sahnalarda çykyş edip, olardan bu ugruň inçe syrlaryny ele alan we häzirki wagtda-da halypalary durmuşyna we sungat ýoluna baýdak edinýän gözel ýüzli, Gözel zenanymyz. Ol  öz durmuş we sungat ýoly barada biziň beren sowallarymyza höwes bilen jogap berdi.

Gözel, Sizi saýtymyzyň söhbetdeşlik sahypasynda hoş gördük. Durmuş we hünär sazlaşygy ynsanyň ömrüni ýagtyldýar, ýaşaýyşa bolan höwesini artdyrýar. Ilki bilen söhbetimizi sungat ýoluna gelşiňiz dogrusynda başlaýaly.

 Ilki bilen sözümiň başyny durmuş we sungat ýolumy hormatlap meni şu gürrüňdeşlige çagyranyňyz üçin döredijilik toparyňyza köp sagbolsunlarymy aýdýaryn. Mälim ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda sanly ulgamyň halk arasyna ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi babatynda uly işler amala aşyrylýar. Siziňem saýtyňyza el telefonlary, kompýuter tehnologiýalarynyň üsti bilen berýän habarlaryňyz, ýazga geçirilýän söhbetdeşlikleriňiz bilen tanyşmak bolýar.

Ilki bilen sungat ýoluna başlamagym barada gürrüňe başlasam, men heniz kiçi wagtym sungat ýoly bilen gyzyklanyp başladym. Çaga wagtym obamyzda toý bolsa, şol toýlarda aýdym aýdardym. Soň mekdep ýaşyna baranymda medeniýet öýüniň höwesjeňi bolup, ol ýerde sazly aýdym aýtmagy öwrenip başladym. Halypa mugallymymyz Meretli Berdiýew maňa opera sungatynyň görnükli wekili Medeniýet Şahberdiýewanyň sesi ýaly wokal sesimiň bardygyny aýdyp, meniň bilen pianinoda wokal aýdymlaryny aýtmaklyga itererdi. Ilki-ilkiler pianino saz guralynyň başynda ses türgenleşiklerini geçerdim. Aýdym-saza känbir düşünmänsoň: ― mugallym maňa bu gün sessiz aýdym aýtdyrdy― diýip ejem-kakama gürrüň bererdim.

Ilkinji öwrenen aýdymlaryňyz.

 ― Meretli Berdiýew maňa ilki «Haýrana galar», «Näme sen», «Derýa» we ş.m nusgawy aýdymlary öwretdi. Her hepdäň şenbe günleri medeniýet öýünde dynç alyş çäreleri gurnalardy. Şol ýerde men orkestr bilen janly sesde aýdym aýdardym. Wagtyň geçmegi bilen birnäçe opera we wokal aýdymlaryny yzygiderli öwrendim. Bu bolsa meniň sungat ýolumdaky tejribämiň kämilleşmegine mümkinçilik berdi.

Islendik ynsan bir käri saýlanynda onuň şol ugry kämilleşdirmeginde halypalaryň tutýan orny uly bolup durýar. Söhbetimizi halypalaryňyz dogrusynda dowam etsek.

 ― Elbetde islendik käri ele almakda halypalarymyzyň orny örän uly bolup durýar. Kitapdan okap, ýa-da aýdym-saz äleminde diňläp hem şol käri ele alyp bilersiň, emma tejribeli halypalaryň her bir aýdýan, öwredýän zatlary şol ugurdan kämillige barýan ynsan üçin örän wajyp bolup durýar. Çünki her bir käriň inçe syry, inçe tilsimleri we şoňa ýetmek üçin bolsa inçe we syrly ýodalary bar. Ol ýodany ýola birikdirmek üçin bolsa hökman şol ýollary geçen tejribeli halypalar gerek bolýar.

Meniň ilkinji halypam ýokarda-da belleýşim ýaly Meretli Berdiýew. Men orta mekdebi tamamlap 2 ýyl medeniýet merkezinde işledim, 2003-nji ýylda bolsa men Mary welaýatymyzyň Ýolaman Hummanow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde wokal ugrundan bilimimi artdyrdym. 3 ýyl okanymdan soň bolsa M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde 4-nji ýylymy dowam etdim. Sungata bolan höwesim meni ýurdumyzyň baýry okuw jaýlarynyň biri bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby bolmaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde men döredijilik ýolumy has-da giňeltdim, tejribeli halypa mugallymlardan sungatyň inçe ýoly bolan opera ugrundan kämilleşip, uly sahnalarda çykyş edip başladym.

Ýerine ýetiren opera eserleriňiz.

 ― Men ýörite sungat mekdebinde okan döwrümden bäri opera eserlerini ýerine ýetirip gelýärin. 2008-nji ýylda bolsa M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girenimden soň has-da opera eserlerinde köpräk çykyş edip başladym. «Leýli-Mežnun» operasynda Leýliniň jorasy Maralyň keşbini, «Zöhre-Tahyr» operasynda Mahymyň jorasy Gülragnanyň keşbini, ýokary okuw mekdebini gutaransoň men M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallym bolup zähmet ýoluma başladym. Ondan soňra «Ýusup-Züleýha» operasynda Züleýhanyň keşbini, «Aýna» operasynda Aýnanyň keşbini ýerine ýetirdim.

Ýerine ýetiren operalaryňyzyň içinde özüňize has ýakyn gören keşbiňiz.

 ― Ýerine ýetiren keşplerimiň ählisem gowy, özboluşly häsiýetli, özboluşly dünýäni döredýän eserler. Ýöne has-da maňa ýakyn bolan keşp «Aýna» operasyndaky Aýnanyň keşbi. Sebäbi bu keşbi janlandyrmak maňa o diýen kän kynam düşmedi. Aýna oba gyzy bolansoň režissýor Kakajan Aşyrowyň eser esasynda edýän talaby meniň öz durmuşym bilen gabat gelýärdi. Oba durmuşynda önüp-ösemsoň eserde beýan edilýän wakalar, ýerine ýetirmeli sahna hereketlerim meniň üçin o diýen kyn bolmady, şol babatda öz häsiýetime ýakyn bolup, keşbimi höwesli we dogumly ýerine ýetirmegime mümkinçilik berdi.

Opera sungatynyň aýdym-sazyň beýleki görnüşlerinden tapawudy näme?

  Opera sungaty sungatyň beýleki görnüşlerinden düýpli tapawutlanýar. Opera irginsiz zähmeti, tebigy zehini talap edýär. Opera sungaty bilen gyzyklanýan we meşgullanýan döredijilik ynsanlary bu ugruň inçe syrlaryny açmaly we öz tejribesinde ulanmalydyrlar. Opera aslynda daşary ýurt sungat görnüşi hökmünde kabul edilse-de ýurdumyzda bu ugur bilen geçmişde we şu günümizde meşgullanýanlaryň sany az däl. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur has-da giňeldi we belent ösüşlere ýetdi.

Opera sungatyny beýleki sungat görnüşleri bilen deňeşdirip alanymyzda bolsa, bu ugurda operany ýerine ýetiriji hem aýdymçy, hem artist bolup sahnada çykyş etmegi başarmaly. Opera eserlerinde mälim söze derek orkestr bilen heňli görnüşde bir-birek bilen gürleşilýär. Onsoň ol ýerde sahna hereketlerini, emossiýany, tondan çykmany aýdym aýtmagy başarmaly bolýar. Şonuň üçin sungatyň bu ugry yzygiderli taýýarlygy, ünslüligi şol bir babatda zehin başarnygy görkezmekligi talap edýär.

 «Sahnada ýaşamak» diýen jümlä garaýşyňyz.

 ― Sahnada ýaşamak bu tomaşaçy bilen artistiň (aktrisanyň) üznüksiz arabaglanyşygyny döredýär. Islendik eser sahnada ýerine ýetirilende ol ýerde öz döredijiligiň özboluşly dünýäsini döretmeli bolýar. Sahnada ýaşamak bu özüňe ynanylan keşbi halkyň aňyna barar ýaly ýürekden, özlügiňi az pursatlygam bolsa unudyp ýerine ýetirmeli we şol döredýän keşbiňe girişmegi başarmaly. Janlandyrýan keşbiňi ilki öwrenip, soňra duýgy bilen ýerine ýetirmeli. Esasan döredijilik adamlary bir işi ýerine ýetirmeden ozal şol eseri göz öňüne getirmegi başarmaly soňra sahna geçende bolsa eserde ýaşap, zehinini ýüze çykarmaly bolýar.

Daşary ýurt opera eserleriniň ony ýerine ýetirýäniň kämilleşmegine näme täsiri bar?

 ― Her bir ýurt, her bir millet öz millilikleri bilen dünýä çykýar, dünýä ýüzünde tanalýar. Sungatyň görnüşleri ähli dilde-de düşnükli hasap edilýär. Daşary ýurt eserlerini ýerine ýetirmek bir tarapdan ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, bir tarapdan bolsa ony ýerine ýetirýäniň döredijilik bazasynyň baý bolmagyna mümkinçilik berýär. Şol bir babatda şol ýurduň medeniýeti, däp-dessury bilen tanyş bolamaga mümkinçilik berýär. Sungat adamsynyň döredijilik ýolunyň we tejribesiniň baý bolmagy onuň kämillik ýolundaky zähmet menzilleriniň ýerine düşmegine, mynasyp käriň eýesi bolmagyna giň ýol açýar.

 Maşgala agzalaryňyzda başga-da sungata gyzyklanýan ýa-da aýdym-saz bilen meşgullanýan barmy?

  Maşgalamyzda kakam sungaty, esasanam aýdym aýtmagy, diňlemegi gowy görýär. Awtoulaga erk edýän wagty hem halypalaryň aýdymlaryny diňleýär, käte özi hem diňleýän aýdymlaryna goşulyp şolar bilen bile hiňlenip aýdym aýdýar.

 «Kämil ynsan» diýip nähili adamy göz öňüne getirýärsiňiz?

 ― Kämillik ynsanyň ömürboýy gazanan üstünligi. Isle durmuşda, isle kärde tapawudy ýok. Ýöne kämilligiň aňyrsyna ýetme ýok. Ynsan ýaşadygy saýy kämilleşmegi dowam edýär, täze-täze ösüşleri öwrenýär, öz bilýänleriniň üstüni mydama dolduryp gezýär. Döredijilik adamsy has-da gözlegde bolýar. Kämillik ýoly bu soňy soňlanmaýan, ýaşan ömrüňde Seni mydama özüne ymtyltdyran hazyna.

 Haýsy reňki halaýarsyňyz we opera sungatyny bir reňkde göz öňüne getirmeli bolanyňyzda ol haýsy reňk bolardy?

 ― Halaýan reňkim gara. Emma operany reňkde göz öňüne getirmeli bolsa oňa bir reňki aýdyp bolmaýar, sebäbi operada bolýan wakalar dürli-dürli bolup, bir reňkde beýan etmek we göz öňüne getirmek mümkin däl. Gynançly we şol bada begençli wakalar öz beýanyny tapýar.

  Sungat adamsy nähili häsiýetli bolýar.

  Sungat adamsy esasanam opera sungaty bilen meşgullanýanlar barada aýdanymda meniň pikirimçe olar akgöwün, mylaýym, ýüka ýürek bolýar. Sähel zady göwnüne alýar. Ýöne olaryň öýkesi uzaga çekmeýär. Sähel zada begenip, sähel zada gynanyp bilýän ynsanlar, umuman duýguçyl bolýar.

 Her bir ynsanyň durmuşda gazanan gymmatly hazynalarynyň biri-de onuň mynasyp maşgala gurmagy. Durmuş ýoldaşynyň, perzentleriniň bagtyýarlygy. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde maşgalaňyz barada berjek gysgaça gürrüňleriňiz biz üçin we okyjylarymyz üçin hem gyzykly.

 ―Durmuşda ynsanyň ömrüni doldurýan gymmatlyk onuň maşgalasy. Men M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýarkam has dogrusy 4-nji ýyl talyp wagtym durmuş gurdum. Ýoldaşym Ýagşymyrat Annahanow, iki ogul perzendim bar Agasapar Annahaow 3-nji synp okuwçy, Mukam Annahanow 5 ýaşynda çagalar bagyna gatnaýar.

Maşgala bu ynsany beýgeldýän, durmuşda dowamatly ýaşamagy sowgat edýän hazyna. Şonuň üçin her bir ynsanyň maşgala gurmaklygy, durmuşda öz ornuňy tapyp, bagtly ýaşamagy onuň ähli zatdan beter gymmatly üstünligi diýip düşünýärin.

 Sungat ýoluňy saýlamakda we esasysy ony döredijilikli dowam etmekde maşgalaňyzyň goldawy hem wajyp.

  Elbetde kär saýlamakda, ony dowamly we kämil alyp gitmekde maşgala goldawy örän wajyp. Çünki maşgala agzybirligi, maşgala bagty iki jübütiň düşünişmegi, olaryň söýgi, hormat bilen ömür ýollaryny dowam etmegi şol maşgalanyň we şol maşgaladaky her bir ynsanyň bagtyýarlygyny kesgitleýär. Biziňem maşgalamyzda kär saýlawynda düşünişmezlik bolmaýar bir-birimiziň kärimize hormat goýýarys, sylaýarys, bir-birimiz bilen maslahatlaşyp durýarys.

Geljekki maksatlaryňyz.

 ― Maksat goýup ýaşamak ynsanyň geljek ýolunyň aýdyňlygyny aňladýar. Häzirki mugallymçylyk kärinde zähmet çekmegim meniň sungat ýolumy has-da kämilleşdirmegime we talyplara öz bilýän zatlarymy öwretmegime mümkinçilik berdi. Geljekde hem bu kärimi dowam etdirip, ýurdumyzda alnyp barylýan sungatyň täze üstünliklere mynasyp goşandymy goşmaklygy esasy maksadym hasaplaýaryn.

Medeniýet we sungat ýolunda baş halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň, ýurdumyzy täze Galkynyşly ýollardan ak geljege sary öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 Şahsy maglumatlary:

 Doglan senesi: 15.09.1985ý

Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Türkmengala etraby.

Maşgalada 5 dogan Gözel 4-nji perzent.

Halypalary:  Meretli Berdiýew, Gülnar Işangulyýewa, Aman Illiýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mämmetmyrat Annamyradow, halkymyzyň görnükli opera ussatlary Medeniýet Şahberdiýewa, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa.

Halaýan reňki: Gara.

2006-njy ýylda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan Diýarym» telebäsleşiginiň ýeňijisi.

2007-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi.

Ilkinji öwrenen aýdymy «Haýrana galar».

Ýerine ýetiren operalarynyň içinde has gowy göreni «Aýna» operasy.

Häzirki wagtda Mary welaýatyndaky Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde mugallym.

Iki ogul perzendi bar Agasapar we Mukam Annahanowlar.

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym