SIZDEN GELENLER

Göwün guşumyzy ganatlandyran täze kitap

Ötegçi guşlaryň uçuşyny syn eden ynsanlar müňýyllyklaryň dowamynda uçar oýlap tapdylar şeýdibem alys menzillerini ýakynlaşdyrdylar. Däli derýa bäs edip biljek  gämileri ýasap ol ýerde hökmürowan boldular. Özleriniň zehin başarnygy bilen aklyny çarhlan ynsanlaryň ýokary derejede ösdüren ýazuw ýadygärlikleri bolup geljekki  nesillere miras bolup geçen kitaplar oýlanyp tapyldy. Ol kitaplar ynsanlara asyrlaryň, eýýamlaryň arasynda syýahat etmegine ýadyndan ýardam etdi. Ata-baba ýol ýörelgelerine sarpa goýan nesiller  kitaplarda  beýan edilýän akyl hazynalary arkaly hümmeti egsilmeýän  baýlyga eýe boldular.

Hawa, Mähriban Arkadagymyzyň  döwet galamyndan syzylyp çykan ,,Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynyň gatlaryny  uly tolgunma bilen sahypalap oturyşyma kitap bilen bagly ajaýyp jümleleriň nä derejede hakykatdygyna düşündim. Bu eserde esasan hem Watan düşünjesi onuň mukaddesligi gadyr gymmaty ör boýuna galyp, şu topraga göbek gany siňen her bir türkmen üçin onuň ezizligi, mizemezli we mukaddesligi  baradaky pikirleri bir terezä salyp watan küýsegi watan söýgisi bilen agramlaşdyrylýar.

Alym Arkadagymyzyň ,,Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda beýan edilýän ata watan, ene toprak, berkarar döwlet, bagtyýar millet, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik, agzybirlik, dost-doganlyk, myhmanparazlyk, ynsaplylyk, ygrarlylyk asyllylyk  ýaly ata-baba ýörelgelerine esaslanýan  many mazmuna baý  pelsepewi pikirler kitabyň on iki bölüminiň içinden eriş argaç bolup geçýär. Bu kitap bir söz bilen aýdanyňda asyrlaryň heňňamlaryň gatyndan geçip, geçmişi şu güne baglaýan köpridir

Heňňamlaryň synagyndan syzylyp geçen ata-babalarymyzyň dürdäne jümleleri bolan nakyllardyr, atalar sözi, dilden-dile geçip biziň şu günlerimizde-de özüniň manysyny ýitirmedik tymsallary döwlet syýasatyny alyp barmakda we gündelik durmuşymyzda bolup geçýän hadysalary seljermekde ulanylýar. Munuň nä derejede dogrylygyny kitaby okadygyň saýyn aňry ýany bilen göz ýetirýärsiň. Çünki Gahryman Arkadagymyz özüniň her bir eserinde bu usullary ýerlikli ulanmagyň ussady hökmünde okyjylar köpçüliginiň ünsini özüne çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döwürleriň we göwünleriň syrly synagyndan geçen millilik, döwletlilik ýol ýörelgesi bilen bagly mukaddes däp-dessurlarymyz barada giňişleýin beýan edýän  ,,Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda elimize gelip gowuşmagynda uly bir many bar. Bu kitapda   halkymyzyň köp asyrlyk durmuş tejribesine eýlenen şöhratly taryhynda döwletlilik ýörelgesine şeýle hem  milliligimize berilen uly orun barada giňişleýin beýan edilýär. Kitabyň many-mazmuny onuň özümizde galdyran täsiri barada näçe ýazsaň ýazybermeli. Çünki kitapda gozgalýan meselelerdir tymsallar öz gözbaşyny şöhratly geçmişimiziň baý taryhyndan alyp gaýdýar.

Döredijilik äleminiň wekili hökmünde kitaby okap bolanymdan soň ýüregimdäki tükeniksiz alkyşlarym göwüne ylham, jana melhem bolup sözlere däl setirlere möhürlendi.

Asyr aşan pederleriň mirasy,

Ýörelgesi döwletlilik türkmeniň.

Şu günleriň ertirlere  mazasy,

Ýörelgesi döwletlilik türkmeniň.

 

Heňňamlaryň  synagynda eýlenen,

Dutar alyp waspy sazda sözlenen.

Gyz çykaryp, ogullaryn öýeren,

Ýörelgesi döwletlilik türkmeniň.

 

Oguz hanyň ogullarna pendidir,

Ata-babaň ýaşan gözel kendidir.

Kerem-keramanly altyn genjidir,

Ýörelgesi döwletlilik türkmeniň.

Bütin türkmen halkyna şeýle dürdäne eserleri peşgeş berýän alym Arkadagymyzyň galamy mundanam ýiti bolsun, ömri uzak,  jany sag, başy dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Gunça Orazowa,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

 

Altyn Goşaýewa :Halypa aýdym aýdanda…

…Ýakymly hem-de ajaýyp, dagdan akýan dury suwly çeşmeleriň sesi ýaly şirin labyzly, duýgudan püre-pür owazlaryň ylhamly dünýäsi kalbyňy gurşap alýar…

Halypa. Bu agramly hem-de abraýly söze mynasyp bolmak üçin ussatlaryň geçen döredijilik ýolundan geçip, taba gelmeli, «köp çorba sowatmaly». Ýöne bir geçmek hem däl, onda öz ýoluňy, öz yzyňy goýmagy-da başarmaly. Diňe şonda halypa-şägirtlik mekdebiniň, olaryň özboluşly ýolunyň dowam etmegine, sungatyň giň şahalarynyň geljege sary uzap, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere aşmagyna mynasyp goşandyňy goşup bolar.

Ýurdumyzda ussatlaryň sungat ýoluny mynasyp dowam edip, irginsiz zähmeti, zehin-yhlasy bilen ajaýyp eserleri döredip, zehinli şägirtleri ýetişdirýän halypalaryň baý we köptaraplaýyn döredijiligi dogrusynda näçe gürrüň etseň hem bärden gaýdýar. Şeýle halypalaryň biri, aýdym aýdanda mylaýymdan gelen ýakymly, özboluşly owazyny diňleýjileriň kalbynyň törüne ornaşdyrmagy başarýan, «Ýüzünden ýüregi görnüp duran», ajaýyp heňli aýdymlary ýaly nurana häsiýetli aýdymçy zenan, Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewadyr. Ol häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileriň medeniýet köşgüniň wokal müdiri bolup işleýär.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika