DÜNÝÄ

“Gollandiýa” sözi ulanyşdan galdy

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Ýewropanyň iri döwletleriniň biri hasaplanýan bolan Niderlandlaryň “Gollandiýa” diýlip atlandyrylmagy bes edildi. Ýurduň hökümeti bu ugurdaky degişli karary döwletiň abraýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edendigi mälim edildi. Bu barada “NOS” radioýaýlymy habar berdi.

Mundan beýläk, ýerli häkimiýet, ýokary okuw mekdepleri, hususy kompaniýalar we neşir edaralary “Niderlandlar” sözüni ulanmalydyr. Bu reformany durmuşa geçirmek üçin 200 müň ýewro bölünip berildi.

Ýurduň hökümeti bu kararyň syýahatçylyk pudagynyň hem ösüşine öz oňyn täsirini ýetirjekdigini belleýärler. Häzirki wagtda daşary ýurtly jahankeşdeler köpräk ýurduň taryhy ýerlerine – Amsterdam, Harlem we Gaaga şäherlerine gelýän bolsalar, kabul edilen karar esasynda başga ýerlere hem syýahatçy çekmek göz öňünde tutulýar.

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda ýurduň diňe bir resmi atlandyrylyşy bolmagy, onuň hem Niderlandlar bolmagy babatda başlangyç öňe sürlüpdi. Bu başlangyç işewürler we syýahatçylyk boýunça geňeş tarapyndan hem goldanylypdy.

 

Related posts

BMG-niň tehniki wekiliýeti Arkadag şäherine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berler