SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gök çaýyň düzüminde koronawirusa garşy peýdaly maddanyň bardygy anyklandy

«Suonsi»-si uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary gök çaýyň düzüminde  COVID-19-a garşy göreşmekde peýdaly bir maddany tapdylar. Bu hakda «RSC Advances» žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.

Hünärmenler wirusyň käbir böleklerine täsir ediş arkaly «SARS-CoV-2» ýokuşmasyny ýeňmek mümkin bolan zatlary anyklamak  üçin dürli  hili fitokimiki maddalaryň gurluşyny seljerdiler. 132 sany maddada koronawirusyň esasy proteazasy bilen täsir geçiriş üçin synag edildi.

Görnüşi ýaly, olaryň ikisi ― sinnamtanin-W we gallokatehin gallat ― koronawirusyň esasy proteazasyny iň täsirli bloklaýjylary fiti birikmeler bolup çykdy.

Bäş düzgüne laýyklykda, garyndy agyz arkaly kabul ediş üçin laýyk gelýän molekulýar häsiýetlere eýe bolmalydyr. Meselem, bäş donoryň wodorod baglanyşygy ýa-da ondan köp bolmaýan akseptorly wodorod baglanyşygydyr.

Gallokatehin gallat bäş düzgüne laýyk gelýändigi sebäpli, goşmaça derňew üçin birleşmäniň özi we meňzeşleri alyndy. Alymlaryň aýtmagyna görä, gallokatehin COVID-19-yň öňüni almakda ýa-da bejermekde kliniki taýdan täsirli we howpsyzlygyny anyklamak üçin goşmaça barlaglar zerurdyr.

 

Awaza: gatnawlar amala aşyrylýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar