BILIM

Global UGRAD 2025-2026 – Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy

Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy (Global UGRAD) ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. Maksatnama ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara bir ýa iki okuw semestriniň dowamynda ABŞ-nyň akkreditirlenen uniwersitetlerinde okamaga mümkinçilik berýär. Maksatnama boýunça okuwyny gutarandan soň talyplar öz ýurdynda okaýan ýokary okuw mekdeplerinde ýene-de bir okuw semestriniň dowamynda okamalydyrlar. Gatnaşyjylar açyk bäsleşik boýunça we başarnygy esasynda saýlanarlar. Anketalar ähli ugurlar boýunça kabul edilýär. Medisinany öwrenýän talyplar (şol sanda şepagat uýaçylygy, stomatologiýa, farmakologiýa, mal lukmançylygy we kliniki barlaglaryň beýleki ugurlary) alyş-çalyş maksatnamalaryň düzgünleri boýunça näsaglar we şol sanda jandarlar bilen gönümel işlemeklige rugsat berilmeýandigini nazara tutmalydyrlar. Şol sebäpli hem okuw işleriniň we çäreleriniň görnüşleri çäkli bolup biler.

Şu maksatnama 2025-nji ýylyň güýzünde başlaýar we 2026-nji ýylyň baharynda gutarýar.

Üns bering:  Global UGRAD maksatnamasy hiç hili okuw derejesini bermeýär we Amerikan uniwersitetinden gatnaşyjynyň öz ýurdundaky uniwersitetine okuw bahalaryny geçirmäge goldaw bermeýär

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgärler 2025-nji ýylyp awgustyna 18 ýaşynda bolmaly.
  • Dalaşgärler anketa tabşyrylanda bakalawr okuwynyp iň bolmanda birinji ýylynda bolmaly we maksatnama gutarandan soň öz okuw jaýlarynda azyndan bir ýyl galmaly.
  • Dalaşgärler iňlis dilinde erkin gürlemeli.
Üns bering:  Aşakdaky şahslar Global UGRAD maksatnamasynda gatnaşyp bilmeýarler: 

 ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) işgärleri we ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan hemaýatgärlik edilýän haýsydyr bir alyş-çalyş maksatnamanyň gatnaşyjylaryny belleýän ýa-da saýlap alýan gurama degişli bolan adamlar işleýän dowürlerinde we işden çykanlaryndan soň bir ýylyň dowamynda Global UGRAD maksatnamasynda gatnaşyp bilmeýarler.

Ýokarda agzalan adamlaryň gönüden-göni maşgala agzalary we olaryň eklençlerinde bolan çagalary hem maksatnama gatnaşyp bilmezler. Bu kada özleriniň ene-atalaryndan aýra we garaşsyz ýaşaýan uly ýaşly çagalara degişli däldir.

ABŞ-nyň raýaty ýa-da ABŞ-da hemişelik ýaşamaklyga (grin karta) hukugy bar bolan adamlar.

 

Maksatnama gatnaşyjylar:

  • Akademiki maksatnamanyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetleriniň gündizki bölüminde okarlar;
  • Öz ugurlary boýunça azyndan iki dersi we Amerikany öwreniş ugrundan, mysal üçin taryh, edebiýat, sungat ýa-da Amerikanyň hökümeti predmetlerinden azyndan birini almalydyrlar;
  • Azyndan 20 sagat meýletin jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirmeli;
  • Maksatnamanyň dowamynda hünär öwreniş okuwyny geçmeli.

Bu maksatnama ähli çykdaýjylary öz içine alýar:

  • J-1 görnüşli wizany almak üçin goldaw;
  • Maksatnama gatnaşmak üçin gidiş-geliş ýol harajatlary;
  • Saglyk ätiýaçlandyrmasy;
  • ABŞ-daky okuw tölegleri;
  • Ýaşaýyş jaýy we iýmit çykdaýjylary;
  • Uly bolmadyk çykdaýjylar uçin aýlyk talyp haky;
  • Okuw esbaplaryny satyn almak üçin çäkli pul serişdesi;
  • Maksatnamanyň uçurymlary üçin hünär taýdan kämilleşmek boýunça giň okuw mümkinçilikleri;

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgärler aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • Doly doldurlan anketa
  • Daşary ýurt pasportynyň nusgasy
  • Tabel ýa-da bahalaryny görkezýän başga resminama
  • Iki sany häsiýetnama haty (iňlis diline terjimesi bilen)

*Ähli beýannamalar asyl görnüşde bolmalydyr we AI tarapyndan döredilen ýa-da plagiat edilen beýannamalar bäsleşikden mahrum ediler.

Anketa şu saýtda elýeterli: https://worldlearning-program.my.site.com/ugradstudent/s
Anketalary kabul etmegiň iň soňky güni: 2024-nji ýylyň 15-nji dekabry.

Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup bilersiňiz: elektron poçta arkaly hat iberip bilersiňiz: AshgabatEducation@state.gov ýa-da www.worldlearning.org/ugrad

Anketa degişli materiallar

Ýene-de okaň

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi