DÜNÝÄ

Germaniýanyň täze kanslerini kesgitlejek saýlaw

Germaniýanyň täze federal kanslerini saýlajak umumy saýlawlar geçirilýär. Ýurduň parlamenti bolan Bundestagyň 21-nji çagyrylyşynyň saýlawlary boýunça ses berişlik geçirildi.

Ýurduň federal kanslerine dalaşgär bolan Olag Şolz we Fridrih Merz ses berdiler.

Ýurduň häzirki Federal Kansleri we Sosial-demokratik partiýasynyň dalaşgäri Olaf Şolz Potsdam şäherindäki Söwda-senagat edarasynda gurnalan saýlaw uçastogynda ses berdi.

Germaniýadaky saýlawlarda 59.2 million saýlawçynyň ses bermek hukugy bar. 29 partiýa we 4 müň 406 dalaşgäriň bäsleşýän saýlawlary ýurduň täze ýolbaşçy düzümini kesgitlär.

Related posts

Azerbaýjan Ilçihanasynyň resmi web sahypasy türkmen dilinde elýeterli boldy

Owganystan bilen TOPH gaz geçirijisi taslamasy maslahatlaşyldy

Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr ulag gatnawlaryny giňeltmegi maksat edinýär