JEMGYÝET

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Şu ýylyň 1-nji martyndan Türkmenistanyň tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilip başlanar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar habar berdi.

Türk ministri Ankara şäherinde geçirilen Adalat we ösüş partiýasynyň nobatdaky 8-nji mejlisinde “CNN Türk” teleýaýlymynyň sowallaryna jogap berdi.

Alparslan Baýraktar Türkmenistandan satyn alynýan tebigy gazy bilen 1,5 million hojalygyň zerurlyklarynyň üpjün ediljekdigini belledi.

Häzirki wagtda Türkiýäniň ilatynyň 85 göteriminiň tebigy gaz zerurlyklarynyň üpjün edilýändigini bellän türk ministri bir tarapdan öz nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi dowam etdirýändiklerini, beýleki tarapdna bolsa, energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen satyn almak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tebigy gazynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Wengriýa, Rumyniýam Bolgariýa we Slowakiýa ýaly döwletlere tebigy gaz iberýändiklerini bellän Alparslan Baýraktar türkmen tebigy gazynyň Ýewropa iberilip bilinjekdigini belledi.

– Şu ýylyň 1-nji martyndan başlap, türkmen gazyny alarys. 1,5 million hojalygyň tebigy gaz zerurlyklary Türkmenistanyň tebigy gazy arkaly üpjün ediler – diýip, belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri