Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumy geçiriler. Bu barada düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 25 — 28-nji aprelinde türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda bu ýurduň iri ykdysady guramalarynyň biri bolan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Agzalan forumy ýokary derejede taýýarlamak üçin sanly ulgam arkaly üç sany mowzuklaýyn okuw maslahatyny geçirmek boýunça teklipler alşyldy.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Germaniýanyň “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda german tarapynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, tehnologiýalar, innowasiýalar, maýa goýum, sanly tehnologiýalar we “ýaşyl” ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.
Mundan başga-da, Germaniýa iş saparynyň dowamynda suw hojalyk ulgamynda ýöriteleşen “Wilo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onda german tarapynyň Türkmenistan bilen ygtybarly we giň gerimli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy.
Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi
Halkara maliýe we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýeti 27-28-nji aprelde Germaniýanyň “Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly häsiýete eýedigini hem-de okgunly ösdürilýändigini nygtady. Syýasy-diplomatik ulgamda barha ösdürilýän oňyn gatnaşyklar, ýylsaýyn pugtalandyrylýan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Bar bolan kuwwatlyklar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, geljegi uly täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki ýagdaýlara laýyklykda, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam berýän ugurdaş döwlet hem-de işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki ykdysady forumyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, türkmen-german hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.