JEMGYÝET

GDA ýurtlarynyň II oýunlary tamamlandy

Şu ýylyň tomus paslynyň esasy sport ýaryşlarynyň biri bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň arasynda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlary tamamlandy.

Türkmenistanyň türgenleri 4-14-nji awgust aralygynda Belarus Respublikasynda geçirilýän GDA-nyň II Oýunlaryna gatnaşýarlar. Bu oýunlara türkmen türgenlerinden ybarat bolan uly topar gatnaşdy.

GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew sport oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşyp, 10 günüň dowamynda Belarus Respublikasynda türgenler, tälimçiler, meýletinçiler uly bir maşgala bolup, agzybirlikde bu sport ýaryşyny guramaçylykly geçirendiklerini belledi.

Baş sekretaryň aýtmagyna görä, Belarusdaky oýunlar ýene-de bir gezek sportuň dostluk we agzybirligiň nyşanydygyny görkezdi.

10 günläp dowam eden sport ýaryşyna gatnaşan türkmen türgenleri hem üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen türgenleri 3 kümüş we 15 bürünç jemi 18 medal gazanyp, medal sanawynda 10-njy orny eýeledi.

Bu ýaryşda öňdeligi Russiýanyň we Belarusyň türgenleri eýeledi.

GDA-nyň II oýunlaryna takmynan 4 müň türgen, 900 tälimçi we 800 sany emin gatnaşdy. Ýaryşlar Belarusyň 11 şäherinde – Minsk, Borisow, Brest, Witebsk, Gomel, Grodno, Žlobin, Mogile, Orşe we Soligorsk şäherlerinde geçiriler. Şeýle görnüş ýaryşyň geografiýasyny giňeltmekden ybaratdyr.

Umuman, sportuň 20 görnüşi boýunça medally orunlar üçin gyzykly bäsleşikler geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy