BIZNES

“Gazprom” Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagyny ýokarlandyrar

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2020-2035-nji ýyllarda Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagy artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habarlar gullygy tarapyndan 2035-nji ýyla çenli Russiýada gaz pudagyny ösdürmek boýunça umumy meýilnamanyň taslamasyna salgylanyp habar berilýär. Şeýle hem bu habar “orient.tm” internet neşirinde hem ýerleşdirilýär.

“Gaz strategiýasyna laýyklykda, Russiýa 2020-2035-nji ýyllarda Türkmenistandan gaz satyn almagynyň möçberini ýyllyk 5,5 milliard kubmetre, Özbegistandan 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 8 milliard kub metre çenli artdyryp biler” – diýlip, beýanatda bellenilip geçilýär.

2019-njy ýylda Türkmenistandan Russiýa 4 milliard kubmetr gaz akdyryldy. Şol döwürden Özbegistandan 7,7 milliard kubmetr, Gazagystandan bolsa 14,2 milliard kubmetr tebigy gaz iberildi.

Gaz importynyň umumy meýilnamasyndan görnüşi ýaly, 2020-nji ýylda Merkezi Aziýadan 26 milliard kubmetr tebigy gaz import edildi.

TASS-yň habar bermegine görä, 2025-nji ýylda eksport edilen rus gazynyň bahasynyň 1000 kubmetr üçin 146 dollardan 211 dollar aralygynda boljakdygy mälim edilýär.

2020-nji ýylda “Gazprom” daşary ýurtlara 179,3 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz eksport etdi. Pandemiýa sebäpli 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende eksportuň möçberi 10 göterim peseldi.

Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra dördünji orunda durýar. Golaýda, “Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desga ulanmaga berildi, ol hem Hytaý Halk Respublikasynda türkmen tebigy gazynyň durnukly eksport edilmegine mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz eksportunda öňdebaryjydyr.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy