JEMGYÝET

Gazak Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar baradaky çözgüdini goldady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Döwlet baştutanlary, Gazagystanyň Lideriniň geçen ýylyň oktýabr aýynda döwlet saparynda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri özara söwdanyň möçberiniň artdyrylmagy, energetika, ulag, senagat we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygyny uly kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda iki doganlyk döwletiň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň has-da giňelmegine gyzyklanma bildirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine özüniň çuňňur hormatyny bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdan daşary prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky çözgüdini goldady.

Kasym-Žomart Tokaýewiň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ägirt uly syýasy we durmuş tejribesi, şübhesiz, bu döwletiň gülläp ösmegine saldamly goşant goşar.

Golaýda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

 

 

“Ogurlyk aýdymlara aýdymçylar günäkär däl”

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy