JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti güýz paslynda Türkmenistanda saparda bolar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, döwlet Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş depginine uly kanagatlanma bildirip, Gazagystanyň Prezidentiniň şu ýylyň güýzünde Türkmenistan boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ulag-logistika, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, telefon söhbetdeşliginiň barşynda bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda hem-de ulag-üstaşyr ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn üns çekip, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini  Astanada öňde boljak Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy Konsultatiw duşuşygyna hem-de “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň 1-nji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana gelmäge ýene-de bir gezek çagyrdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy