DÜNÝÄ

Gazagystanda uçdantutma ilat ýazuwy geçiriler

Gazagystanda ilat ýazuwyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hökümet mejlisinde eden çykyşynda ýurtda iň soňky gezek ilat ýazuwy 2009-njy ýylda geçirilendigini belläp geçdi.

Ýurtda geçiriljek nobatdaky ilat ýazuwy adatça, geçen ýyl geçirilmelidi, ýöne pandemiýa sebäpli 1 ýyl yza süýşürildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň tabşyrygy esasynda 1-nji sentýabr-30-njy oktýabr aralygynda ilat ýazuwyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Premýer-ministriň bellemegine görä, ilat ýazuwy uly durmuş-ykdysady ähmiýete eýedir. ilat ýazuwy döwründe 32 müň adam zähmet çeker.

Gazagystanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we özgertmeler gullugynyň Milli statistika býurosynyň başlygy Nurbolat Aýdapkelow ilat ýazuwynda sanly we adaty usullaryň hem ulanyljakdygyny aýtdy.

 

Dünýäde 5 milliard doza sanjym edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy