SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gazagystanda rus sanjymy öndüriler

Russiýanyň “Sputnik V” koronawirus sanjymynyň önümçiligi şu ýylyň 22-nji dekabrynda Gazagystanda başlanar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy, ýurduň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygyndan soň habar berdi.

Ýurduň ilatyna köpçülikleýin meýletin sanjym etmek işine bolsa 2021-nji ýylyň başyndan girişmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyrda lukmanlar, mugallymlar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýaly wirusyň ýokaşmak töwekgelçiligi bolan adamlara sanjym ediljekdigi bellenildi.

27-nji noýabrda Gazagystanyň saglyk ministri Alekseý Soý koronawirusa garşy rus sanjymyny öndürýän zawody gurmak meselesiniň üstünde iş alnyp barylýandygy mälim edipdi.

Şeýle hem Gazagystanyň özi hem koronawirusa garşy sanjym işläp düzýändigi, onuň önümçiliginiň ilkinji tapgyrynda 2 million dozanyň dekabr aýynda öndüriljekdigi mälim edildi. Bu sanjymyň 1-nji we 2-nji kliniki synaglary 29-njy noýabrda tamamlanandygy we 25-nji dekabrda 3-nji kliniki synaglarynyň çäklerinde 3 müň meýletinçä sanjym ediljekdigi hem-de bu synaglaryň 2021-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda tamamlanjakdygy bellenildi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar