SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gazagystanda haçan örtük dakynmak ýatyrylar?

Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri Alekseý Soý Gazagystandahaçan örtük dakynmagy ýatyrmak baradaky sowala jogap berdi. Gazak metbugatyndaky habara görä, ol bu örän möhüm sowallaryň biridir.

– Biz ilatyň köp bölegini sanjym etmegimiz gerek. Biziň bu maksatnamamyz güýzde tamamlanar, sentýabr aýynda çneli köp möçberde raýatyň sanjym edilmegini gazanmaly. ABŞ-da, Ysraýylda örtük dakynmak zerurlygyny aradan aýyrýarlar. Olar ilatyň 60 göterimine golaýyny sanjym etdiler we ýaşaýjylarda köpçülikleýin immunitet emele geldi. Haçanda bizde hem köpçülikleiýn immunitet bolup, ilatyň 60 göterimi sanjym edilende, kem-kemden örtük dakynmagy ýatyryp bileris – diýip, ministr belläp geçdi.

Şeýle hem ol Gazagystanyň raýatlaryny sanjym bolmaga çagyryp, “Sanjym alyp, raýatlarymyza ýokary hilli sanjymy mugt berip bilmek Gazagystanyň uly üstünlikidir” diýdi. Ýurtda 2 million adamyň sanjymyň birinji dozasyny alandygy aýdyldy.

 

Özbegistanda “Sputnik V” önümçiligi

 

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy