BIZNES

Gazagystan Owganystana un eksportuny artdyrmaga taýýar

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde gazak-owgan işewürler forumy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin gazak paýtagtyna ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna iş alyp barýan 200-den gowrak owgan telekerçileri bardy.

Işewürler forumyna wise-premýer-söwda we integrasiýa Serik Žumangarin we Owganystanyň söwda we senagat Nuriddin Azizi gatnaşdy. Owgan tarapy ýurduň geoykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy üçin banklaryň wekilhanalaryny açmak, telekeçilere wiza resmileşdirmek üçin nokatlaryň açylmagy, işewür duşuşyklaryny geçirmek, sergi we maslahatlary gurnamak, söwda we üstaşyr ýük gatnatmak boýunça bökdençlikleri aradan aýyrmak babatda birnäçe teklipleri etdi.

Gazagystan Owganystana un ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardygyny belledi. Häzirki wagtda un eksporty umumy eksportuň 70 göterimine deňdir. Gazagystanyň uny Owganystana Özbegistanyň üsti bilen iberilýär.

Häzirki wagtda üstaşyr ýükleri gatnatmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Owganystan ugry boýunça üstaşyr ýükleriň Türkmenistanyň üsti bilen geçirmek babatda 30 göterimlik arzanladyş babatda ylalaşylandygy bellenildi.

Gazagystan Owganystana 500 million dollar möçberinde azyk, nebithimiýa, himiýa, metallurgiýa, ýeňil we maşyngurluşyk pudaklarynyň önümlerini ibermek mümkinçiligine eýedir.

Aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşylyp, bu babatda “Kazahtelekom” bilen “Afghan Telekom” arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama gol çekildi.

Gazagystan owgan talyplarynyň 30-syna grant görnüşinde okamaga mümkinçilik bermäge taýýardygy bellenildi. Häzirki wagtda Gazagystanda 450-den gowrak owgan talyplary bilim alýar.

Şu gezekki işewürler forumynda 190.8 million dollar möçberinde ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi. Duşuşygyň jemleri boýunça oba hojalyk önümleri, un, ösümlik ýagy ýaly harytlaryň eksporty boýunça 15 ylalaşyk gazanyldy.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy