BILIM

Gazagystan latyn elipbiýine geçýär

Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Gazak elipbiýini latyn elipbiýine geçırmek boýunça işler ýola goýuldy. Gazagystanyň milli elipbiýi boýunça komissiýasynyň nobatdaky mejlisi ýurduň Premýer-ministr Askar Maminiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Mejlisiň agzalary 2023-nji ýyldan 2031-nji ýyla çenli ýurtda kem-kemden ulanyljak latyn harplaryna uýgunlaşdyrylan täze Gazak elipbiýini hödürlediler. “Bir ses – bir harp” atly täze gazak elipbiýi Ahmet Baýtursun adyndaky diller instituty tarapyndan taýýarlandy.

Latyn harplaryna uýgunlaşdyrylan täze gazak elipbiýinde 31 sany harp bar. Kämilleşdirilen gazak elipbiýinde ulanylmaýan “x”, “w”, “c” ýaly harplar daşary ýurt sözlerinde ulanylar diýip habar berilýär. Premýer-ministr Mamin mejlisde eden çykyşynda: “Elipbiýiň kämilleşdirilen görnüşi gazak diliniň ýaýramagyna täze itergi berer we döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşar” diýip belläpdir.

Gazak elipbiýini kämilleşdirmek babatynda 40-dan gowrak nusga gözden geçirilipdir. Şeýle hem mejlisiň barşynda bilim edaralarynda täze elipbiýi ulanmak we ýazmak boýunça barlaglaryğ geçirilendigi habar berilipdir. Gazagystan Respublikasy 1940-njy ýyllardan bäri kirill elipbiýini ulanyp gelýär, 2017-nji ýylda bolsa tapgyrma-tapgyr latin elipbiýine geçmek kararyna gelipdir.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri