BIZNES

Gaz eksportirleýän ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti

Şu ýylyň 20-22-nji fewraly aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde Gaz eksportirleýän ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti geçirildi.

Oňa foruma agza ýurtlaryň – Eýranyň, Alžiriň, Müsüriň, Liwiýanyň, Nigeriýanyň, Kataryň. Russiýanyň, Wenesuelanyň, Trinidad we Tobagonyň hem-de guramanyň synçylary – Azerbaýjanyň, Yragyň, Malaýziýanyň, Norwegiýanyň, Perunyň we BAE-niň ýolbaşçylary we ministrleri gatnaşdy.

Gaz eksportirleýän ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň paýyna dünýäniň tebigy gazynyň söwdasynyň 45 göterimi we dünýäniň tebigy gaz gorunyň 65 göterimi düşýär.

Bu forumy döretmek pikiri 2001-nji ýylda öňe sürüldi.

Gatnaşyjy we synçy döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän forum öndürýän ýurtlaryň we sarp edijileriň bähbidine tebigy gaz pudagynyň bilelikdäki ösüşini gowulandyrmakdan we berkitmekden ybaratdyr.

Foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary eden çykyşynda tebigy gaz geljegiň energiýasyny emele getirýändigini we ony koronawirus pandemiýasyndan soň ykdysady dikeldişiň kyn ýolunda ulanmalydyklaryny bellediler.

 

 Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar