BIZNES

Garlyk kaliý toplumyny ösdürmek üçin german kompaniýalaryň konsorsiumy dörediler

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Himiýa senagaty geljegi uly bolan pudakdyr. Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça german tarapy bilen gepleşikler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, bu toplumy ösdürmek we doly güýjünde işletmek üçin «ERCOSPLAN», «K-UTEC», «Schachtbau» german kompaniýalarynyň üçüsiniň konsorsiumyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Gyýanlydaky polimer zawodyny ösdürmek möhüm taslamalaryň ýene biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we «MAN Energy Solutions» kompaniýasynyň bu kärhanada oturdylan zyňyndy gaz ulgamlaryny abatlamak işlerine german hünärmenlerini çekmek mümkinçiligine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary