JEMGYÝET

Garaşsyzlyk güni mynasybetli açylyşlar bolar

27-nji sentýabrda belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni ýurtda köp sanly täze binalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda açylyp, ulanylmaga beriljek desgalaryň arasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň döwrebaplaşdyrylan binalar toplumy, paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi bar.

Şonuň ýaly-da, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli açylýan täze binalaryň hatarynda Daşoguz şäheriniň, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň we Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýaşaýyş jaýlary bar. Türkmen paýtagtynda dürli maksatly täze desgalaryň tutuş tapgyry ulanylmaga berler.

«Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 27-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi» diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi