ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gapbar Hümmedow: kino sungatynyň halypasy

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, kino sungatyny öwreniji Gapbar Hümmedow bilen söhbetdeş bolmak üçin, ýakynda onuň häzirki iş ýeri bolan Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardyk. Gapbar aga ol ýerde uly mugallym bolup işleýär we öz ugrundan talyplara bilim berýär. Onuň iş otagyna girenimizden diwardaky suratlar kän zatlar hakynda gyzyklanma döretdi.

Gapbar aga bir mahallar teleýaýlymda «Kino, kino, kino…» atly gepleşigi alyp barýardy. Birden gepleşik ýadyma düşdi-de, şol gepleşigiň döreýşi hakynda soradym. Ol: — 1987-nji ýyldy. Bir gün halypam, kinorežissýor Baýram Abdyllaýew ýanyna çagyrdy-da: — Hindi halkynyň meşhur artisti Raj Gapur demgysma keselinden ýogalypdyr. Ol dünýä belli artist. Sen şol beýik artistiň ömri, döredijiligi barada teleýaýlym üçin gepleşik taýýarla! — diýip tabşyryk berdi. O wagtlaram häzirki ýaly döwrebap tehnikalar ýokdy. Kino lentalaryň her biriniň agramy esli bar. Raj Gapuryň «Jenap — 420», «Sangam», «Sergezdan» hem-de onuň iň soňky surata düşüren «Gang seň suwlaryň bulançak» atly filmleriniň ýazgylaryndan bölekler görkezip, ol barada gepleşik taýýarladyk. Gepleşigem özüm alyp bardym. Tomaşaçylar gepleşigi halapdyrlar. Her gün diýen ýaly şo gepleşigiň gaýtadan görkezilmegini haýyş edilip teleýaýlyma jaň gelip başlady. Gepleşigem göni ýaýlymda berlensoň, gaýtadan görkezmek üçin ýazgysy ýokdy. Onsoň telegörüjileriň islegini kanagatlandyrmak üçin gepleşigi täzeden ýazgy etmeli bolduk, ýöne tomaşaçylaryň uly baha bermegi ruhlandyryp, bu gezek gepleşigi has täsirli bolar ýaly «Gapurowlaryň kino maşgalasy» at bilen giňişleýin taýýarladyk. Şondan soň halkdan: «Indiki gezek gepleşigi Mithun Çakraborti ýa-da Amitabh Bajjan…hakynda taýýarlaýsaňyz» diýip teklipler gelensoň, meni teleýaýlyma işe çagyrdylar. 0,5 iş birliginde-de işe aldylar. Şeýdibem şol gepleşik döredildi hem kän wagt dowam etdirildi — diýdi.

Ol gepleşik sizi halkyň arasynda tanatdy. Bu barada bir pursady ýatlasym gelýär. Kärdeşleriňiziň biri gürrüň beripdi. Bir gezek siz ýagyş ýagyp durka howlugyp, işe ýetişjek bolup barýan ekeniňiz. Birden ýolda ulagyňyzy ýol gözegçi saklapdyr. Ol jürlewük çalandan siz: «Be, ulagyma bolmalysyndan ýokary tizlikde sürmedim, ýol yşygyna-da seredip ugradym, başga näme kemçilik tapdyka…» diýip, alada edip ulagdan düşüpsiňiz. Ýol gözegçi bolsa, iki eli bilen görşüp: «Agam, gaýrat edip «Zita-Gita» kinony görkezäýiň-dä» diýipdir. Bu gürrüň çynmy? — Hawa, işe baramsoň, gülüp kärdeşlerime gürrüň beripdim.

Esasan hindi filmleri hakynda taýýarlanylýan gepleşik bolansoň, bir gezek maňa on ýedi adamdan ybarat toparda tanymal adamlaryň arasy bilen Hindistanyň Bombeý şäherinde geçirilen halkara kinofestiwalyna gatnaşmak miýesser etdi — diýip aýdanyndan, Gapbar aga, şol kino festiwalyň özüňizde galdyran täsirleri hakynda käbir ýatlamalar ýadyňyza düşýärmi? Gürrüň beräýiň! — diýip haýyş etdim. Ol: — Festiwala gidenimizde ol ýerde kino şäherjigi bar eken. Şonda pyýada uzagrak ýöremeli bolduk. Halypa artistimiz Artyk Jallyýew: «Meniň ýanymda Gapbar bolaýsyn, ýaş ýigit, tur-oturyma gerek» diýensoň, iş sapardan tä gaýdýançak onuň bilen bir otagda ýaşadyk. Ertesi Artyk Jallyýew: «Festiwalyň çäklerinde geçirilýän duşuşyga gidip biljek däl» diýdi. O näme üçin? — diýip geň galdym. Ol jorabyny çekip ökjesini görkezdi, köwşi degip ökjesinden gan syrygyp dur. Asyl ol öýden gaýdanynda aýaly Wera gelneje boýdan başyna bezäp, täze penjek-jalbardan başlap köwşüne çenli täze geýdirip ugradypdyr eken. Onsoň onuň aýagynyň ölçegini anyklap, haýdap golaýda ýerleşýän dükana gitdim. Dükandan başam barmagyň arasyna ildirip geýilýän, sygryň derisinden tikilen şypbyk alyp geldim. Şeýdibem duşuşyga ol şypbykly gitmeli boldy.

Ussat halypalaryň jemlenen ýerinde birek-birek bilen tanşylyp gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Hindi halkynyň sungat wekilleri öz artistleriniň zehinine uly baha berip hersini tanyşdyrdylar welin, menem durup bilmedim. Hut siziň Raj Gapuryňyz ýaly ynha, biziňem halkymyzyň beýik artistleriniň biri Artyk Jallyýew — diýip adyny tutdum. Ol ýerinden turdy welin, syratly, görmegeý keşbine boýdan başa syn etdiler. Birdenem geňirgenýän ýaly onuň aýagyna seretdiler. Egni ýalpyldap duran penjek-jalbarly, ak köýnekli, boýun bagly bezemen geýnüwiň aşagyndan aýagy şypbykly durany ýadyma düşdi. Derrew ýagdaýy düşündirdim. «Hä, şeýlemi?» diýen manyda baş atdylar — diýip ýatlady.

Gapbar aga bilen öňem telim gezek söhbetdeş bolupdym. Şonuň üçin onuň terjimehaly barada azda-kände bilýärin. Ol 1952-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda häzirki Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda doglan. Häzirki wagtdaky maşgala ýagdaýy barada bolsa ol: «Maşgalamyzda iki gyz, bir ogul perzendimiz, on üç sany agtygymyz bar. Aýalym Zulfiýa çagalar bagynda ýokary derjeeli terbiýeçi bolup işleýär. Iň uly agtygym Türkmen döwlet medeniýet institutynda kino operatorçylyk hünärinden bilim alýar» diýip gürrüň berdi. Gapbar aga işiniň daşyndan «Türkmen kino sungatynyň taryhy» atly monografiýa ýazyp ýörendigini aýtdy. Otuz ýyl bäri ýazyp ýören monografiýasynda: «1926-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli «Türkmenfilm» birleşiginde döredilen filmlere syn berilýär. Şeýle-de her bir filmiň wakasy barada gysgajyk maglumatlar berlip, filmiň döredijilik toparynyň hem-de filmden pursatlaryň suratlary bilen bezelýär» diýip gysgajyk tanyşdyrdy.

Balyk ýylynda doglanlygy üçin, bir gezek onuň aýdan «Balyk ýyly bilen bagly pursatlaryny ýazgy edipdim. Ol şonda: «2000-nji ýylyň — balyk ýylynyň şeýle wakasy ýadyma düşýär. Şol ýyl men «Türkmenfilm» birleşiginiň baş redaktory wezipesine bellenipdim. Ýene bir zat, ozal kinofilmler surata düşürilende, kinolenta düşürilýärdi. Bu iňňän hupbatly işdi. Emma şol ýyl döwlet tarapyndan edaramyza ýörite wideokamera berildi. Ilkinji gezek «Tapagan» atly film wideokamerada surata düşürildi. Bu enjam kino düşürmek işini aňsatlaşdyrýar »diýipdi.

Gapbar aga häsiýeti boýunça juda ýumşak, sada adam. Haýsy bir zat gürrüň bersin bolşy ýaly ýaşyrman gürrüň berýär. Bu diýdigim özi hakynda-da näme gürrüň berse kemçilikli tarapy bolsa-da gizlänok. Ol: «Kärdeşlerim «Kimdir biri öz derdini aýdyp, iç döküşmek islese, Gapbaryň ýanyna iberiň. Ol kanagat edip diňläp bilýär» diýýärler. Başarsam, adamyň göwnüne degesim gelenok. Onsoňam şükürlilik, kanagatlylyk diýen häsiýetleri gowy görýärin. Durmuşymda-da ýeten derejäme sabyr-kanagatlylyk bilen ýetdim.

Alty ýaşymda mekdebe gidip, on alty ýaşymda orta mekdebi gutardym. Çagalygymdan kino sungatynyň, aýratyn hem, hindi filmleriniň muşdagydym. Täze çykan hindi filmleriniň birinem sypdyrman görerdim. Şolam meniň kär saýlap almagyma uly täsir etdi. Emma kakam pahyr kanalyň suwuny ölçeýji bolup işleýärdi. Ol öz kärini dowam etdirmegimi isleýärdi. Kakamyň göwnüni ýykmajak bolup, ilki gidromeliorasiýa tehnikumyna okuwa girdim. 1976-njy ýylda-da okuwymy gutarypdym. Şondan soň bäş ýyllap suw ugrundan işledim. Suw bilen bagly pursatlar surata düşürýän filmlerimizde hem öz beýanyny tapýar. «Suw — ýaşaýyş» diýesim gelýär. Şeýle-de bolsa öz saýlan ugrumdan okasym gelýärdi.  Onsoň harby gullugymy sowup, Moskwanyň Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynyň kino sungatyny öwreniji bölümine okuwa synanyşmagy ýüregime düwdüm. Saýlan ugrum boýunça okamagyma ejem-ä garşy bolmady. «Oglum, kim bolsaňda, gowy adam bolsaň bolýar» diýdi.

Şol wagtlar özümem eýýäm öýlenendim. Bir çagamyz bardy. Bolsa-da, gelnim: “Höwes edýän bolsaň hökman oka” diýip, goldady. Onsoň kakamam soň düşündi. «Saýlan käriňden bagt tap, oglum. Her kimiň öz dünýäsi bar eken» diýip ylalaşdy.Ýokary okuwa üç ýyl synanyşdym. Diňe 1981-nji ýylda synagdan geçip, talyp boldum. Elbetde, synagdan geçmeseň gynanýaň. Ýöne sussupes bolmadym. «Bilýän bolsaň, geçerdiň» diýip, özümden berk talap etdim. Oturyp, synaga berk taýýarlandym. Esasan hem, rus dilini gowy öwrendim. Sebäbi birinji synanyşykda rus dilinden ýazan düzmämde harp ýalňyşy köp eken. Synagdan geçenimde, begenip: «Alla jan, indi maňa başga zat gerek däl» diýipdirin. Ýöne arzuwa gutarma ýok eken. Käwagt çagalaryma gürrüň berýän. Moskwa okuwa baranymda birinji ýyl synagyň ortasyna ýetenimde, geçip bilmän, obama gaýtdym. «Okuwa girip bilmedim» diýip hyrçymy dişlän-de bolsam, ruhdan düşmedim. Indiki ýyla yhlas bilen taýýarlandym. Ikinji ýyl synaglaryň iň soňkysyny tabşyryp bilmän gaýtdym. Öz-özüme göwünlik berip, ýene-de ýyl boýy kitaplary ürç edip okap taýýarlandym. Suw damjasy daşyň üstüne birsyhly damyp dursa, ahyr daşy deşermiş. Üçünji sapar synaglardan üstünlikli geçdim. Talyp boldum. Şol bagtly güni, şol bagtly pursady şu günlerem buýsanç bilen ýatlaýan. Eger bir sapar okuwa girip bilmedim diýip, soň synanyşmadyk bolsam, durmuş ýolum haýsy akaba bilen akardy diýýän.

Köp sanly synaglardan geçmek gaty kyn. Ýöne okamagyň öňde duran has uly, möhüm synagdygyny talyplara aýdasym gelýär. Şol döwürde talyp baý bilim goruny edinip ýetişmeli. Ýüzlerçe kitaplaryň gatyny açmaly, onlarça okuw işlerini ýazmaly, yzygiderli sapaklara gatnap, käriň-hünäriň inçe syrlaryna aralaşmaly. Galyberse-de, talyp ýyllary — seniň ömrüň iň gyzykly döwri. Sen özüňe bütin ömür syr berip, syr alyşýan dost, jora tapynýarsyň. Okuwy tamamlanyňdan soňam, olar bilen saçakly gatnaşygy dowam etdirýärsiň.

Talyplyk ýyllarym Moskwada geçýän halkara kinofestiwallary bilen gabat geldi. Şol kinoşüweleňlerde adyny diňe habar beriş serişdelerinde eşidýän kino ýyldyzlary, režissýorlary bilen duşuşmak, olaryň elini gysmak miýesser etdi. 1983-nji ýylda Moskwanyň halkara kinofestiwalyna belli hindi režissýory Raj Kapur we aktýorlar Amitabh Baççan, Mithun Çakraborti, Pişi Kapur geldi. Biz — kinoinstitutyň talyplary tomusky dynç alyşda kinofestiwalda işlemeli bolduk. Şonda ýokarda ady tutulan hindi kinosynyň ýyldyzlary bilen bir stoluň başynda oturmak, awtoulagly Moskwa gezelenç etmek miýesser etdi.

Kerim Annanow, Bäşim Atahanow, Şadurdy Alowow, Ýazmyrat Şadurdyýew, Bilbil Mämmedow, Saparmuhammet Jallyýew Muhammet Garakişi dagy bilen Moskwada parallel okadyk. Bu diýdigim operatorçylyk, hudožnik, režissýorlyk, multiplikator diýen ýaly her haýsymyz dürli ugurlardan okaýardyk. Ýöne ählimizem umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardyk. Bir gün Baba Annanowyň oglunyň yzyndan gelendigini eşidip, kursdaşlar bolup Kerimiň ýaşaýan otagyna jemlendik. Saçak başynda oturanlar bilen saglyk-amanlyk soraşdy-da, Baba kursdaşlarymy ýeke-ýeke atlandyryp tanady. Diňe meni tanaman:    — Oglum, ol oturan saryýagyz ýigidi tanamadym-la —  diýip Kerimden sorady. Kerim: «Kaka, bu ýigit Gapbar Hümmedow, ýöne muny eline diplomyny almanka öldürmeli» diýdi. — O näme üçin, oglum, beý diýme — diýip Kerimiň ýüzüne seretdi. Kerim: — Gapbaryň okaýan ugry kino sungatyny öwreniji. Okuwymyzy  gutaramyzsoň, biz-ä gara derimizi saçyp kino düşüreris, bu bolsa iş otagynda oturanja ýerinden taýýarlan kinolarymyzy tankytlap, çykmaz ýaly eder — diýdi. Şonda Baba: «Bize sungatdan ýokary derejeli baş çykarýan tankytçylar gerek, oglum!» diýip düşündirdi.

Okuwymy tamamlap paýtagtymyza gelenimden soň bir gün Kerim maňa: «Papam seni görjek» diýýär — diýdi. Baba Annanow şol wagtlar Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýolbaşçysy bolup işleýärdi. Barsam türkmen halysy bilen bezelen giň iş otagynda meni garşy aldy. Ol: — teatryň ýanynda iki ýyllyk sungat studiýasy açyldy. Ol ýerde okajaklar teatryň artistleri, ýöne olara sen kyn görme-de öz ugruňdan sapak ber. Sebäbi olar teatr artistleri bolsalar-da, soň kinostudiýa bilenem işleşmeli» diýip düşündirdi. Ýok-ýok, halypa, bir topar azy ýaran artistleriň öňünde sapak geçip bilmen. Olara üstümden güldürip biljek däl. Olar meni diňläslerem ýok — diýip göwnemedim. Ol: «Ýör hany» diýip yzyna düşürip ikinji gata alyp gitdi. Bir topar artistleriň öňünde meni tanyşdyrdy. «Ynha, şu ýigit kino sungatyny öwreniji Gapbar Hümmedow. Şu size öz ugrundan sapak berer. Özem Moskwada ýokary bilim alyp geldi. Eger şu ýigidi ýekeje biriňiz äsgermän, saçynyň birje taryny gaçyrsaňyz, öz saçyňyzy üterin» diýip tabşyrdy. Özümem işe aldy.Onuň şol tabşyrygy juda sylaglydygyny, aýdan her sözüne gulak asdyryp bilýän, işine ussat ýolbaşçydygyny görkezdi. Maňa bolsa şeýle halypalaryň tejribe sapagy uly mekdep boldy — diýip olara ýagşy doga dilegler aýtdy.

Akgül SAPAROWA.

 

Kümüş Meläýewa: halypalary gören halypa

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri