SPORT

Futbol taryhynyň iň çalt goly hasaba alyndy

Angliýanyň “Kroýdon” futbol toparynyň futbolçysy Raýan Holl eminiň jürlewügini çalmagy bilen meýdançanyň merkezinden pökgüni derwezä gönükdirip geçiren goly futbol taryhynyň iň çalt goly hökmünde hasaba alyndy. Bu barada “BBC” neşiri habar berýär.

Holl üçin bu goly geçirmek üçin 2.31 sekunt gerek boldy. “Kroýdon” topary futbolçynyň bu üstünligini hasaba almak üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutdy.

Ýöne Ginnesiň rekordlar kitaby Raýan Holluň bu rekordyny hasaba almady.

– Ajaýyp gol geçirildi. Ýöne gynansak-da, biz professional futbolyň çäginden daşardaky üstünlikleri hasaba alyp bilmeýäris – diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan beýanat berildi.

“Kroýdon” topary 1953-nji ýylda döredildi we Angliýanyň birinji diwizionynda Günorta okrugyň Günbatar ligasynda çykyş edýär we bu liga höwesjeňleriň ligasydyr.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy