SPORT

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek Ýewropa boýunça futbol çempionatynyň toparçalary üçin bije çekildi. Bije çekilişlik Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirildi.
Türkiýäniň milli ýygyndysy ilkinji gezek bu çempionata saýlama toparçasynda birinji bolup, gatnaşmak hukugya eýe boldy.
Ýewropa çempionatynda 24 milli ýygyndy çykyş eder. Olaryň 21-si saýlama tapgyrynyň netijesinde belli boldy. Ýene-de 3 ýygyndy bolsa, goşmaça duşuşyk geçirip, bu çempionata gatnaşmak hukugyna eýe bolarlar.
Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýuny-14-nji iýuly aralygynda geçiriler.
ÝEWROPA ÇEMPIONATYNYŇ BIJELERINIŇ NETIJELERI:
“А” TOPARÇA: GERMANIÝA, ŞOTLANDIÝA, WENGRIÝA, ŞWEÝSARIÝA
“B” TOPARÇA: ISPANIÝA, HORWATIÝA, ITALIÝA, ALBANIÝA
“С” TOPARÇA: SLOWENIÝA, DANIÝA, SERBIÝA, ANGLIÝA
“D” TOPARÇA: NIDERLANDLAR, AWSTRIÝA, FRANSIÝA, (Polşa, Estoniýa, Uels, Finlýandiýa – ýeňiş gazanan topar)
“E” TOPARÇA: BELGIÝA, SLOWAKIÝA, RUMYNIÝA (Ysraýyl, Islandiýa, Bosniýa we Gersogowina , Ukraina – ýeňiş gazanan topar)
F” TOPARÇA: PORTUGALIÝA, TÜRKIÝE, ÇEHIÝA, (Gruziýa, Lýuksembur, Gazagystan, Gresiýa – ýeňiş gazanan topar)

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi