JEMGYÝET

FAO guramasy Türkmenistanda wekilhana açmakçy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutu bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi sahypasynda bellenilip geçildi.

Duşuşygyň esasy maksady, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

 Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, myhman bilen mähirli salamlaşyp, türkmen tarapyndan duşuşyga gatnaşyjylar bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň bu Gurama bilen oba hojalygyň dürli meseleleri babatynda işjeň hyzmatdaşlygynyň alnyp barylýandgyny aýdyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlginiň benefisiar bolmagynda agzalan Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy we gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň wajyp tapgyrlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda bu Guramanyň ýurdumyzda wekilhanasynyň açylmagy bilen baglylykda özara pikir alşyldy we bu ugurda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda FAO-nyň wekilhanasyny açmak we tehniki kömegini bermek hakynda Ylalaşygynyň» taslamasynyň üstünde işlenilýändigi bellenip geçildi.

Şeýle hem, myhman bu wekilhananyň açylmagy bilen bagly Türkmen Hökümeti tarapyndan degişli resminamalar boýunça bellikleriň we teklipleriň iberilmegine garaşylýandygyny aýtdy. Bu resminamalaryň taslamasynda wekilhanany açmak bilen bagly, beýleki döwletlerde adaty bolşy ýaly, ýurdumyz tarapyndan bölekleýin maliýeleşdirme we wekilhanany ýerleşdirmek üçin jaý bilen üpjün etmek meseleleriniň hem bardygyny aýtdy. Mundan başga-da, Gurama tarapyndan geljekki ýyllarda balyk hojalygy babatynda tehniki kömegini bermäge hem, türkmen tarapyndan ýüz tutulan halatynda, goldaw bermäge mümkinçiligiň bardygy bellenilip geçildi.

Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak maslahaty geçirildi

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi