DÜNÝÄ

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde ýatlama çäresi geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahianyň we olaryň egindeşlerinden ybarat wekilýetiň agzalarynyň 19-njy maýda dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy bilen bagly ýatlama çäresi geçirildi.

Ýatlama gününe Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, merkeziň pars dilini öwrenijileridir mugallymlary hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani hem-de  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Eýranyň Prezidentiniň hemişe halkyna hyzmat edendigini belläp geçdiler.

Şeýle hem Eýranyň diplomatik wekilhanasynyň wekilleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna agyr pursatda goldaw we medet beriji sözleri üçin hoşallygyny bildirdi.

Çäräniň dowamynda Eýram Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti  Seýed Ebrahim Raisi, daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian we birnäçe egindeşlerinden ybarat wekilýetiň agzalary barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri