TEHNOLOGIÝA

Excalibur-dan täze 34″ monitor

Ýokary işjeňligi bilen meşhur bolan Excalibur maşgalasy täze 34″ ululykdaky monitory bilen ulanyjylary haýran galdyrmaga dowam edýär. Diňe oýun oýnaýjylara däl, eýsem professional ulanyşlar üçin-de ýokary işjeňlik görkezýän Excalibur 34″ monitor özüniň işjeňligi bilen ulanyjylara örän amatly mümkinçilikleri hödürleýär. Bu ekran inçe çarçuwasy we ultra giňiş ekrany bilen ünsi çekýär.

Excalibur-yň işjeň tehnologiýasy we gelşikli görnüşi bu monitoryň ulanyjylary özüne çekjek ençeme aýratynlyklary bar.

* Işjeňlik we görnüş – ajaýyp. 1500 R görnüşli ekran tehnologiýasy we WQHD ekrany ilkinji ünsüňi çekiji aýratynlyklarynyň biri;

* Oýunyň içinde, rakyplaryňam öňünde. 165 Hz ekran täzelenme tizligi we 1 millisekunt ekran täzelenme wagty bilen agsaklyklar bolmazdan oýny öz isleýşiňiz ýaly oýnap bilersiňiz;

* Ýokary durulykdaky ekran. FullHD ekrana eýe bolan kompýuter Excalibur standart 2K ekranlara garanyňda, has köp mümkinçilikleri hödürleýär. Bu kompýuteriň durulygy 3400×1440 2K QUAD HD.

* Giňişligiň keýpini sürüň. Standart 16:9 monitora gaanyňda, 30% has giň bolan ekran 21:9 ultra giňişlige eýe. Bu ekran kompýuterde ýerine ýetirjek işleriňizde uly amatlyklary hödürleýär.

* Agsamalara çolaşmazdan, bölünmeýän oýun keýpi. Kompýuteriň ekran karty we ekranyň AMD Free-Sync tehnologiýasy oýunlardaky agsamalary iň aza düşürýär.

* Göz saglygy üçin pes mawy yşyk. Bu kompýuterde göze zyýan ýetirýän mawy yşyklary filtrleýän “Low Blue Light” tehnologiýasy ýerleşdirilipdir. 1win

* Kompýuteri islendik ýerde goýup bilersiňiz. Hereketli aýagy arkaly kompýuteriň ekranyny islegiňiz boýunça saga ýa-da çepe, ýokary ýa-da aşak sazlap, ýa-da diwara berkidip bilýärsiňiz.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Türkmenistanda onlaýn dükanlaryň sany artýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär