SPORT

Er-Riýadda boks gijesi: Ronaldo hem tomaşaçylaryň arasynda

Soňky ýyllarda köp sanly iri sport ýaryşlaryny kabul edýän Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde bu gezek boks gijesi boldy.

Dünýä belli futbolçy Kristiano Ronaldonyň hem-de Konor Makgregoryň tomaşaçy hökmünde gatnaşan boks gijesinde Dmitriý Biwol britan boksçy Lindon Artury ýeňdi. Jozef Parker Deonteý Uaýlderi, Entoni Joşua bolsa, Otto Wallini ýeňdi.

Boks tutluşyklarynyň iň esasylarynyň biri Dmitriý Biwol bilen Lindon Arturyň arasyndaky tutluşyk boldy. Bu tutluşyk emin agzalarynyň biragyzdan alan karary esasynda Biwolyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Biwol WBA Super kemerini 6-njy gezek goramagy başardy. Ol “IBO” kemeriniň eýesi britan boksçy Arturdan üstün geldi.

Ronaldo Saud Arabystanda geçirilýän iri boks tutluşyklaryna yzygiderli gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi