SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Epidemiýa : öňüni alyş sanjymlar

Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlary geçirilýän ýokanç keselleriň sanawyny tassyklandy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2022-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 106 belgili Buýrugy bilen “Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlary geçirilýän ýokanç keselleriň sanawy” tassyklandy. Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinde 1582 alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlary geçirilýän ýokanç keselleriň sanawy:

  1. Poliomiýelit (A80*) (*Keselleriň Halkara Klassifikatorynyň (KHK) 10-njy täzeden seredilişi boýunça kody)
  2. Difteriýa (A36)
  3. Gyzamyk (B05)
  4. Gyzylja (B06)
  5. Hapgyrtma (B26)
  6. Wirusly gepatitiň B görnüşi (B16)
  7. Wirusly gepatitiň A görnüşi (B15)
  8. Gyrgyn (A20)
  9. Mergi (A00)
  10. Sibir başy (A22)
  11. Guduzlama (A82)
  12. Garyn-garahassalygy (A01)
  13. Meningokokk ýokanjy (A39)
  14. COVID-19 (U07)

Bellik: Belli çäklerde ýokanç keseller bilen keselleýjiligiň görkezijilerine esaslanyp, bu ugurdaky kanunçylykda bellenilen resminamalara, waksinalaryň gözükdirijilerine laýyklykda, epidemiýa görkezijileri boýunça ýokarda görkezilen ýokanç kesellerine garşy öňüni alyş sanjymlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulmalydyr.

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy