SIZDEN GELENLER

Energiýa tygşytlaýan Gün bazasy

Awstraliýanyň Korol Melburun tehnologiýa institutynyň alymlary «Gün baza» atly täze enjam oýlap tapdylar. Institutyň alymlarynyň bellemegine görä, bu ýaşaýjylaryň elektrik energiýasynyň 50% -ini tygşytlamaga kömek eder we ýangyn ýüze çykan halatynda olaryň saglygyna zeper ýetmezlige mümkinçilik berer.

Oýlap tapyjylaryň pikirlerine görä, dünýäniň energiýa çeşmeleriniň 19% -i binalary ýylatmak, howa çalmak we sowatmak üçin sarp edilýär.

Gün baza – bu passiw gün ýyladyş we sowadyş ulgamydyr. Ol otagynyň temperaturasyna gözegçilik etmek üçin tebigy şemalladyşa esaslanýar. Baza diwarlarynyň biri aýnadan, beýlekisi bolsa garşysynda ýerleşip, gara reňk bilen boýalýar. Dizaýn, gün energiýasynyň siňdirilmegini netijesinde has köpeltmäge we konweksiýa ýörelgesini ulanmaga mümkinçilik berýär.

Enjamyň ýokarsyndaky we aşagyndaky wentilýasiýa deşikleri, bazanyň içindäki we daşyndaky howa akymyna gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär. Positionerlerine baglylykda bolsa, ýaşaýjylar otagdaky temperaturany sazlap bilerler. Ondan başga-da gün bazalarynyň täze modelleri ýangyn bolan halatynda ýangyç önümlerini çekip bilýär we arassa howanyň akymyny üpjün edýär.

 

Taýýarlan Myrat GARÝAGDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika