SIZDEN GELENLER

Ene − Zeminiň görki

Ene – ömrüň başlangyjy, ýaşaýşyň gözbaşy. Ýer ýüzünde ynsan kalbyna iň ýakyn, mähriban ynsan hakda söz açylsa, onuň mertebesini, beýikligini wasp edere älem sözi hem azlyk eder. Ol hakda barlyk döräli bäri ýazylan, aýdylan zatlar şeýle bir kändir. Zeminde görki iň zynatly, sözi örän datly, ýüregi hemmeden hamrak bir barlyk bar, oňa diňe Ene diýilýär. Ene! Perzent dünýä inende ilkinji aňşyrýan sözi. Bu sözüň aňyrsynda müňläp hormat-sylag, keramat, taryh, wasp hem-de taryp ýatyr. Eneler biziň dünýämiziň gözelligi, kerem keramatydyr.

«Ene» sözi päklik, gözellik, mähribanlyk ýaly ajaýyp duýgulary oýarýar. Mährine maýyl ýürekler kyblaýy Käbä diňe ýekeje zady – Enäni deňeýärler. Ynsany göwresinde göteren, dünýä inende perzendini gujagyna gysan, ösüp ulalanda başyny sypan bir perişde bar, ol hem Ene.

Ene – aýtmasy ýeňil we ýürege iň ýakymly söz bolup durýar. Belki-de, her bir ynsan gyýylan ýa-da begenen ýagdaýynda-da, ilki bilen mähriban enesiniň ýanyna barmagy megerem şonuň üçindir. Ene söýgüsi hiç zat bilen çalşyp bolmajak mähirdir.  Ene ezizligi ýaşyň geçmegi bilen hem asla egsilenok. Perzendi üçin ýaşamagy ömrüne many edinen enäniň ýüreginde bir alada ýaşaýar – çagasyna agyň ak, garanyň bolsa hut garadygyny düşündirmek zerurlygy. Ene mukaddesliginiň çuň gözbaşy, ine, şu keremlikden gözbaş alyp  gaýdýar. Hut şonuň üçin hem halkymyz enä, zenana uly hormat, sarpa goýýar. Enä, zenana hormat goýmak biziň gadymdan gelýän däplerimiziň biridir. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanymyzda-da, türkmen zenanlarynyň mertebesine,   beýik ykbalyna buýsanýar. Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn at çapyp, eline gylyç alyp, il-gününe hemaýat eden gaýratly zenan hökmünde taryha girendir. Ýa-da bolmasa, taryhdaky beýik şahsyýet Jelaleddin Meňburuna terbiýe beren ejesi Äýjäjegiň, aýdym-saz sungatynda uly yz goýan Býazmediniň başga-da ençeme zenanlaryň taryhyň dürli döwürlerinde, durmuşyň dürli ugurlarynda öňe çykyp, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda uly orun  eýeleýändikleri aýratyn bellärliklidir. Umuman, taryhy maglumatlary näçe sanasaň hem sanap oturmaly, geçmiş taryhymyzyň, milli edebiýatymyzyň haýsy döwrüni alyp göreniňde-de, haýsy bir şahyryň, aýdymçynyň, sazandanyň, suratkeşiň eserlerini göreniňde ilki bilen enelerimiziň, zenanlarymyzyň keşbi ilkinji orunda durýar. Türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgawy şahyrlary tarapyndan wasp edilen zenanlarymyzyň keşbi durmuşyň dowam etmeginiň milletiň ruhy gözbaşynyň, Watanyň ajaýyp gözelliginiň nyşany bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent derejelere  göterilýär.

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

Gyrgyzystan esasy kanunyna üýtgetmeler girizer

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi