BILIM

Emeli aň: Tebigy dilleri gaýtadan işlemek

Kaliforniýa uniwersitetiniň San-Diýego lukmançylyk fakultetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze ylmy gözlegde, emeli aňyň (intellektiň) adamlaryň ýalňyzlyk derejesini ses äheňinden we soraglara jogaplaryndan ölçäp boljakdygyny anyklandy.

“Tebigy dilleri gaýtadan işlemek” (Natural language processing) emeli aňyň iň esasy ugurlaryndan biridir. “Tebigy dilleri gaýtadan işlemek”, kompýuterleriň söz we ýazuw tekstini tanamak, düşünmek we jogap bermek ukybydyr. Adamlar biri-birleri bilen has aňsat aragatnaşyk gurup biler, şeýle-de adamlar maşynlar bilen sagdyn aragatnaşyk saklar ýaly, tebigy dilleri gaýtadan işlenilýär. Esasanam soňky hepdelerde “OpenAI” kompaniýasynyň neşir eden “GPT3” bilen, maşynlar indi adamlar ýaly owadan jümleleri gürläp bilerler we Möwlananyň Mesnewisinden bir bent berseňiz, size şol bir derejede jogap berip bilerler. Arzalaryňyzy ýa-da kompýuter programmasyny ýazyp, siziň wagtyňyzy tygşytlap biler.

“Tebigy dilleri gaýtadan işlemek” bilen, resminamalary we gepleşikleri sekuntda bir dilden beýlekisine terjime edip bileris. Başga dillerde ýazylan kitaplary öz dilimizde ýazylan ýaly okap bileris

Banklaryň ýa-da beýleki merkezleriniň telefonlaryna “Tebigy dilleri gaýtadan işlemek” bilen jogap berip bileris. Şeýlelik bilen, müşderiler hakyky adam bilen iş salyşmazdan, enjam bilen öz meselelerini çözüp bilerler. Sekuntda müňlerçe kitaby jemläp bileris we sosial mediýada paýlaşylan makalalary we wideolary seljerip, ulanyjylaryň haýsy syýasy garaýyşlara ýakyndygyny çaklamalar edip bileris. Elektron poçta, heläkçilik we lukman hasabatlaryna, polisiýa ýazgylaryna we kazyýet resminamalaryna tebigy dilleri gaýtadan işlemek bilen düşünip we toparlara bölüp bileris we töwekgelçilik derňewini geçirip bileris.

Bu mysallardan görnüşi ýaly, emeli aň we “Tebigy dilleri gaýtadan işlemek” işimizi aňsatlaşdyrýar.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi

Türkmenistanlylar koreý dilini we medeniýetini öwrediş maksatnamasyna gatnaşyp bilerler

Beýik Britaniýa bilen Türkmenistan bilim hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmen ýaşlary XXI halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşýarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň agzasy boldy