Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi.
- Geçirilen ses berlişigiň netijesinde “Ahal” toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew “Iň ökde oýunçy” diýlip yglan edildi.
- Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew (“Arkadag”) iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy.
- Çempionatyň dowamynda “Adalatly oýun görkezen topar” ugrundaky baýraga “Altyn Asyr” topary mynasyp boldy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.
Birinji düzüm: Rasul Çaryýew (“Arkadag”) – derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de “Arkadag”), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de “Ahal”) – goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi “Arkadag”), Elman Tagaýew (“Ahal”) – ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew (“Arkadag”), Wahyt Orazsähedow (“Altyn Asyr”) – hüjümçiler.
Ikinji düzüm: Rahat Japarow ( “Ahal”) – derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de “Arkadag”), Ata Geldiýew (“Ahal”), Zafar Babajanow (“Altyn Asyr”) – goragçylar; Şanazar Tirkişow (“Arkadag”), Magtymberdi Berenow (“Nebitçi”), Yhlas Magtymow (“Şagadam”), Ahmet Ataýew (“Altyn Asyr”) – ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”), Hojanazar Gurbanow (Aşgabat”) – hüjümçiler.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy.
