SIZDEN GELENLER

Düýeler barada gyzykly maglumatlar

Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, gündogar halklarynyň asyrlarboýy saklap, ideg edip gelýän düýe malyna bolan hormaty we buýsanjy uludyr.

Düýäniň çalynyň, süýdüniň adam saglygy üçin örän peýdalydygy, ýüňüniň ynsan bedenine ýakymlydygy baradaky hakykat bu gün ylmy taýdan doly subut edildi.

Düýe çalynyň dermanlyk häsiýetleri barada aýdanymyzda, ilkinji nobatda, çalyň adam bedeninde duzlaryň çalşygyny oňatlaşdyrýandygydyr. Çarwadarlaryň, sähra adamlarynyň düýe çalyny köp içýändikleri sebäpli, olaryň uzak ýaşaýandyklaryny geçmiş taryhymyz aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ine, şu ýerde internet maglumatlary esasynda düýeler barada käbir gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

  • Arap dilinde “düýe” sözi “gözellik” diýmegi aňladýar;
  • Düýelere “çöl gämileri” diýilýär. Sebäbi olar çölde iň bir çydamly haýwan hasaplanýarlar;
  • Türkmen halkynda iki örküçli düýä bugra, aýry diýilýär. Beýleki halklarda bir örküçli düýelere dromedar, iki örküçli düýelere baktrian diýilýär. Baktriýa gadymy ýer-ýurt ady bolup, ol häzirki Owganystanyň we Özbegistanyň çäklerini öz içine alypdyr. Hut şu ýerde iki örküçli düýeler bolupdyr. Iki örküçli düýelere baktrian diýilmegi şunuň bilen baglydyr;
  • düýäniň örküçi bar bolsa-da, oňurgasy göni;
  • düýäniň örküçinde ýygnanýan ýag diňe haýwany açlykdan halas etmän, adaty yssy wagtynda bedeniniň kadaly temperaturasyny hem saklaýar;
  • bir wagtyň özünde bir düýe 200 litr töweregi suw içip bilýär, şol bir wagtyň özünde birnäçe hepde suw içmän oňup bilýär;
  • dünýädäki iň keçjal haýwanyň eşek däl-de, düýe bolandygy ýüze çykýar. Düýe ýatyp dynç almak islese, hiç bir güýç ony herekete getirip bilmeýär;
  • düýeler suwuň bardygyny 50-60 kilometrden duýýarlar, Bir gije-gündiziň dowamynda  30-40 kilogram iým iýýärler;
  • düýeler ortaça 35-40 ýyl ýaşaýarlar;
  • olar gowy ýüzýärler;
  • düýeler durman öz agramynyň 50 göterimine çenli agramdaky ýüki 40 kilometre çenli äkidip bilýärler;
  • düýe süýdü sygyr süýdünden iki esse peýdalydyr. Onda kalsiý, magniý, demir, fosfor, C we D witaminleri, peýdaly minerallar we mikroelementler bar.

Oguljennet Satlykowa, TOHU-nyň talyby.

 

Bütindünýä teatr güni

 

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri