TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagy

“Shelby SuperCars Tuatara” ulagy ABŞ-nyň Newada ştatynyň 160-njy awtobanynda ýörite ýolda geçirilen synaglaryň netijelerine görä,  “Dünýäniň iň çalt awtoulagy” diýen adyna eýe boldy. Bu ýerde 2017-nji ýylda “Koenigsegg Agera RS” awtoulagy rekord goýmagy başarypdy.

Iňlis sürüjisi Oliwer Webb tarapyndan ulanylýan bu awtoulag doly önümçilige taýýardygyny bellenilip geçildi. Iki taraplaýyn synagda ortaça sagatda 508,72 km tizlige barabar boldy. “Tuatara” awtoulagy bu synaglaryň birinde 484,53 km/sag, beýlekisinde bolsa 532,93 km / sag tizlige ýetendigi bellendi. Sürüji Webb eger degişli şertler doly berjaý edilse, ulagyň has ýokary tizlige ýetip biljekdigini aýtdy.

“SSC Tuatara” awtoulagynda 5,9 litrlik goşa turbo V8 hereketlendirijisi bar, E85 ýangyjy ulanylanda 1750 at güýjüne ýetmek mümkinçiligi döredilendir.

Düzgüne görä, bir sagadyň dowamynda geçirilen iki synaga iki Ginnesiň synçysy hem gatnaşdy. Iň ýokary tizlik rekordy bolsa 2017-nji ýylda 457 km/sag bilen “Koenigsegg Agera RS” awtoulagy tarapyndan goýuldy.

Häzirki wagtda pandemiýa sebäpli diňe 3 sany “Tuatara” awtoulagyny öndürip boljakdygy bellenilip geçildi. Bu awtoulagdan 2021-nji ýylda 12 sanysy we 2022-nji ýylda 25 sanysyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri