DÜNÝÄ

Dünýäniň iň ýaşuly adamy aradan çykdy

Dünýäniň iň ýaşuly erkek adamy hasaplanýan britaniýaly Robert Ueýton 112 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär.

Şu ýylyň fewral aýynda ýaponiýaly Titesu Watanabe aradan çykandan soňra iň uzak ýaşaýan erkek adam derejesi Robert Ueýtona geçipdi. Ol 1908-nji ýylyň 29-njy martynda dünýä inipdir. Ol mart aýynda 112 ýaşyny belläpdi.

Robert Ueýton ömrüniň dowamynda inžener bolup işledi, köplenç Hytaýa, Ýaponiýa we Kanada uzak wagtlyk iş saparlaryna gidipdir. Onuň 2 çagasyny, 10 agtygyny we 25 çowlugy bar.

Robert Ueýton Beýik Britaniýanyň iň ýaşuly zenany hasaplanýan Joan Hokkard şol bir günde dogulypdyr.

Dünýäniň iň ýaşuly adamy ýaponiýaly Kane Tanaka hasaplanýar. Ol 117 ýaşynda.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi