SPORT

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary: Bellingem, Holand we Mbappe

180 million ýewro – dünýäniň iň gymmat futbolçysynyň bahasy. Gyzykly tarapy, bu görkeziji 3 futbolçy üçin hem deňdir. Olar – Jud Bellingem, Erling Holand we Kilian Mbappe. 

Dünýäniň iň gymmat 10 futbolçysynyň bahasy 1 milliard 360 million ýewro deňdir. Birinji orny birbada 3 futbolçy eýeleýär. Olaryň her biriniň bahasy 180 million ýewro deňdir.

Sanawyň ilkinji ornunda “Real Madrid” toparynyň iňlis ýarymgoragçysy Jud Bellingem ýerleşdi. 20 ýaşyndaky ýyldyz futbolçy mundan ozalky sanawda 3-nji orunda durýardy. Bu möwsümde görkezen oňat görkezijileri onuň gymmatynyň 30 million ýewro artmagyna goşant goşdy.

Sanawda ikinji we üçünji orunlary degişlilide, Erling Holand we Kilian Mbappe eýeledi. Her iki futbolçy bilen “Real Madrid” topary gyzyklanýar.

Dünýäniň iň gymmat 10 futbolçysy:

Jud Bellingem (“Real Madrid”) – 180 million ýewro;
Erling Holand (“Mançester Siti”) – 180 million ýewro;
Kilian Mbappe (PSŽ) – 180 million ýewro;
Winisius (“Real Madrid”) – 150 million ýewro;
Bukaýo Saka (“Arsenal”) – 120 million ýewro;
Jamal Musiala (“Bawariýa”) – 110 million ýewro;
Fil Foden (“Mançester Siti”) – 110 million ýewro;
Wiktor Osimhen (“Napoli”) – 110 million ýewro;
Deklan Raýs (“Arsenal”) – 110 million ýewro;
Lautaro Martinez (“Inter”) – 110 million ýewro.

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Azerbaýjan futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Gülbadam Babamyradowanyň tälim beren türgeni Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistan ilkinji gezek FIDE zenanlar dünýä küşt kubogynda wekilçilik edýär

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar

Türkmenistanyň «CAFA Nations Cup-2025» halkara ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanly zenan emin ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşar