BIZNES

Dünýäniň iň gymmat awtoulagy satyldy

“Sotheby”s” söwda öýünde “Mercedes Benz 300 SLR Uhlenhaut Coupé” awtoulagy 142 million dollara satyldy. Söwda öýüniň habar bermegine görä, bu ulag auksionda satylan iň gymmat awtoulag boldy.
“Mercedes Benz” ulagy ozal 95 million dollara satylan we rekordy özünde saklan awtoulagdan has gymmat baha satyldy.
“Mercedes Benz 300 SLR Uhlenhaut Coupé” awtoulagy dünýäniň iň owadan awtoulagy hem hasaplanýar. Ol şu we şeýle sport awtoulaglaryny işläp düzen meşhur inžener Rudolf Ulenhautyň hormatyna çykaryldy. Şeýle ulagyň 2 nusgasy bar.
Bu rekord möçberde satylan awtoulag 1955-nji ýylda öndürildi. Ol şu wagtda çenli söwda öýünde satylan gymmat bahaly zatlaryň sanawynda ilkinji onluga girýär.
“300 SLR” 3,0-litrlik hereketlendirijisi bilen sagatda 180 mil tizlige ýetip, öz döwrüniň iň çalt gidýän awtoulaglarynyň birine öwrülipdi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/rianna-ilkinji-cagasyny-dunya-inderdi/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy