DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

Ýaponiýada ýaşaýan dünýäniň iň garry ýaşaýjysy Kane Tanaka aradan çykdy. Iki jahan urşuny başyndan geçiren we ýaşan döwründe 5 imperatory gören Tanaka durmuşynyň soňky döwrüni Fukuoka prefekturasyndaky garrylar öýünde ýaşady.

Ol ýaşan döwründe gazly içgileri we şokolady gowy görýärdi. Ol 2019-njy ýylda dünýäniň iň garry ýaşaýjysy hökmünde ykrar edilipdi.

Şeýle hem ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Kane Tanaka Ýaponiýanyň özünde hem ömür dowamlylygy boýunça rekord goýmagy başarypdy.

Tanaka 2022-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda 119 ýaşyny belledi. Ol 102 ýaşynda, ýagny 2005-nji ýylda garrylar öýüne ýerleşipdi.

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy