DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry jübütleri

79 ýyldan bäri bilelikde ýaşaýan hem-de ýaşlarynyň jemi 215-ä deň bolan Hulio Mora Tapia we aýaly Waldramina Kuinteros dünýäniň iň garry är-aýaly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Latyn Amerikadaky Ekwador Respublikasynda ýaşaýan bu jübüt 1941-nji ýylyň 7-nji fewralynda durmuş gurdylar.

79 ýyl geçendigine garamazdan, olar henizem bile we bagtly ýaşaýarlar. Waldramina Kuinteros 110, Julio Mora 104 ýaşynda. Garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, koronawirus ýokanjy sebäpli 79 ýyldan bäri bilelikde ýaşaýan jübütler uly maşgalasyndan aýry ýaşaýandygyna gynanýarlar.  Aslynda, Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, taryhda has uzyn nikalar bar bolsa-da, dünýäde umumy ýaşy 215 ýaş bolan başga jübüt ýok. Bularyň ikisem hem käri boýunça mugallym. Olar häzir pensiýada we Ekwadoryň paýtagty Kito şäherinde ýaşaýarlar. Olar 215 ýaşyndaky dünýäniň iň garry jübüti hökmünde Ginnesiň şahadatnamasyny aldylar. Olaryň 5 çagasy, 11 agtygy, 21 çowlugy we 9 ýuwlugy bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy