SPORT

Dünýaniň iň gadymy kubogynyň finaly: “Çelsi” – “Liwerpul”

1960-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän Angliýanyň ligasynyň kubogy ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Ilki bilen, “Çelsi” topary finala çykmagy başardy.

Düýn bolsa, “Liwerpul” bilen “Fulhem” toparlary bu ýaryşyň finalyna çykmak üçin bäsleşdi. Jogap duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlandy. “”Liwerpul” toparyndan 11-nji minutda Luis Dias tapawutlandy. “Fulhem” toparyndan bolsa, 77-nji minutda Issa Diop hasaby deňledi.

Bu iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşykda “Liwerpul” topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Şeýlelikde, finalda “Liwerpul” bilen “Çelsi” duşuşar. Final duşuşygy 25-nji fewral London şäherinde “Uembli” stadionynda geçiriler.

Angliýanyň liga kubogy ýaryşy 1960-njy ýyldan bäri geçirilýär. Oňa ýurduň futbol çempionatynyň 4 ýokary ligasynyň toparlary gatnaşýar. Ýeňiji bolan topar geljek möwsümde Konferensiýa ligasy ýaryşyna gatnaşmaga hukuk alýar.

Bu kubogy iň köp gazanan “Liwerpul” topary bolup, onuň gazanan kuboklarynyň sany 9-a deňdir. “Çelsi” topary bu kubogy 5 gezek gazanyp, soňky gezek 2015-nji ýylda ýeňiji bolupdy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler