Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji aprelde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisinde eden cykyşynda «Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremegine uly goşandy bardyr» diýip belledi. Milli Liderimiziň bu sözleri şan-şöhraty dünýä dolan bedewlerimiz bilen bagly buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şu günler türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary bolsa buýsanjymyza buýsanç goşýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy wakalary hem-de toý dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Baý şahandazlyga, milli ruha beslenýän bu dabaralaryň hatarynda türkmen bedewiniň milli baýramy hem baýramçylyk senenamamyzy bezeýär. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde bellenilýän milli baýramyň hormatyna ata Watanymyzyň ähli künjeklerine ýokary guramaçylyk derejesinde dabaralar geçirilýär. Olaryň hatarynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri, giň aýlawlardaky çapyşyklary, ylmy-amaly maslahatlary, sergi forumlary, döredijilik duşuşyklary we aýdym-sazly konsertler bar.
Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi hem-de degişli forumlar halkymyzyň iň oňat atçylyk däplerini ösdürmäge, ýurdumyzyň atşynaslyk we atçylyk sport mekdebiniň bu ugurdaky halkara işlere işjeň ýakynlaşmagyna, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýär. Şoňa görä-de şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreler hil we mazmun taýdan her ýylda yzygiderli baýlaşdyrylyp, bu baýramçylygyň milli öwüşgünlerini artdyrmak bilen ýatdan çykmajak pursatlara bagyşlaýar.Asman atlary-behişdi bedewler hasaplanýan türkmen atlarynyň şanyna tutulýan toý dabaralara merdana halkymyz hem işjeň gatnaşýar. Çünki her bir türkmeniň aslynda, aňynda we ganynda bar bolan ajaýyp duýgy- behişdi bedewlerimize bolan söýgi biziň durmuşymyzda we ykbalymyzda ýaşaýar. Şoňa görä-de biz hemişe öz durmuşymyzda uçsaň ganat açýan, çapsaň ýyldyrym deý ýyndam bedewlerimize tükeniksiz sarpa goýýarys. Çünki, parasatly pederlerimiz hem «At-myrat», «Aty baryň-ganaty bar», «At agynan ýerde, toý bolar», «Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Atyny söýenden a:t galar»diýen ýaly nakyllary döretmek olaryň gadyr-gymmatyny mynasyp saklamagy wesýet edipdirler.Hakykatdan hem türkmen bedewleri goç ýigitleriň, ýurt goran ärleriň hemişelik hemrasy bolmak bilen, olaryň iň wepaly ýarany, öý-ojagynyň buýsanjy hökmünde tanalýar.Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň hormatyny Berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwründe hem ýokary göterýän hormatly Prezidentimize sagbolsunlar aýdýarys. Bedewi bilen buýsanyp, şanly menzilleri bedew batly geçip barýan watandaşlarymyzy, Türkmenistanyň halk atşynasy-Gahryman Arkadagymyzy hem Arkadagly Serdarymyzy şu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlaýarys.
Orazbibi Muhammetdurdyýewa
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky
«Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja-bagynyň
terbiýeçi-usulçysy.