SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dubaýa wiza almak üçin gerekli resminamalar

Türkmenistan tarapyndan halkara uçar gatnawlaryny tapgyrlaýyn esasda ýola goýmak babatda degişli işler geçirilýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistandan Dubaý we Kazan ugurly gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu ýurtlara, hususan-da Dubaý we Kazan şäherlerine gitjek ýolagçylara wiza almak zerur bolup durýar.

Dubaý ugruna adaty uçar gatnawlarynyň 2022-nji ýylyň 30-njy maý senesinden başlaýanlygy sebäpli Dubaýa, has dogrusy Birleşen Arap Emirliklerine wiza gerekmi diýen sorag köp gelýär. Bu soragyň jogaby, “Howa, wiza gerek!”. Eýsem wizany nireden almaly?

Wiza almak üçin  Aşgabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 19/1 salgysynda hereket edýän  “Atlaz” hojalyk jemgyýetine ýüz tutup bilersiňiz! Bu edara “Fly Dubai” awiakompaniýanyň ýerleşýän binasynda ýerleşýär. Telefon belgisi 92 01 66

Wizanyň görnüşleri, tranzit geçilýän ýagdaýynda nähili şertler bar we tölegleri baradaky soraglary ýokaryda görkezilen kompaniýa sorap bilersiňiz.

Wiza almak üçin gerek bolan resminamalar :

  1. Biometrik pasport we nusgasy
  2. Fotosurat 3 x4
  3. Uçar bileti
  4. Ätiýaçlandyryş tölegi (bu barada ýokaryda görkezilen kompaniýa sorap bilersiňiz)
  5. Syýahatçylyk ýollanma haty (Bu barada ýokaryda görkezilen kompaniýa sorap bilersiňiz)
  6. Degişli tölegler (wizanyň görnüşine görä)

Bellemek gerek,  Dubaý ugruna gitmek üçin  halkara sertifikat (Kowid 19) we soňky 48 sagadyň dowamynda alnan test resminamasy gerek.  Bu ýerde berilýän maglumatlaryň Size peýdaly bolmak maksady bilen taýýarlanyldy we  has anyk jikme-jik maglumatlary awiakompaniýa bilen we wiza berýän edara bilen maslahatlaşyň.

 

Maýmyn mama keselini ýüze çykarýan test serişdeleri taýýarlanýar

Ýene-de okaň

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri