TESWIRLER

Döwletmämmet Azady

Doglan senesi: 1695-nji ýylda

Aradan çykan senesi:1760-nji ýylda

Bilimi: Medresede

Gysgaça maglumat: Zamanasynda “Garry molla” diýen at bile meşhurlyk gazanan Döwletmämmet ahun türkmen edebiýatynyň binýadynyň parlak ýyldyzy. Azady şahyryň edebi lakamydyr. Döwletmämmet hem edebi döredijiligi, hem ylmy pikirleri bilen halkyna hyzmat eden alym şahyrdyr. Şahyryň edebi eserleri tutuş durky bile öwüt-nesihata, akyl-paýhasa ýugrulan gymmatly hazyna bolup, XXI asyryň türkmen ýaşlary üçin-de edep-terbiýäniň mekdebidir. Azadynyň şahyr ogly Magtymguly şol mekdebi geçip, döredijiligini ösdüripdir, gözýetimini giňeldip, akyl-paýhasyny kämilleşdiripdir. Döwletmämmet Azady 1695-nji ýylda Magtymguly ýonaçynyň maşgalasynda dünýä inýär. Döwletmämmet ilki oba mekdebinde okaýar. Soňra daýylarynyň kömegi bilen medresede okaýar. Döwletmämmet arap, pars dillerini oňat öwrenipdir, ol dillerde ýazylan kitaplary erkin okap, peýdalanmagy başarypdyr. Döwletmämmet Azadynyň uly maşgalasy bolupdyr.

Döredijiligi: Döwletmämmet ylmyň iki ugrunda-da hem dünýewi, hem dini ylymlardan oňat baş çykaran alymdyr. Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasyndan “Wagzy-azat”, “Behiştnama”, “Hekaýaty-Jabyr ensar”,  “Rubagyýet ez ruýy-zary we doga” diýen eserleri we birnäçe goşgulary bizinň günlerimize gelip ýetipdir.

Çeşme: umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw                          kitaby. A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-141-151

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Taýýarlanan senesi:14.04.2022 ýyl

Magtymguly Pyragy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen gowurma nahary – türki sözleriň iňlis diline geçişiniň nyşany

”Kaşyk” we ”Kalam” – Galam” sözleri barada: Söz kökümiz-öz kökümiz

Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl

“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?”

”Kaýda Watan ýurduň gardaş Abdylla”

Ata Watan Eserleri

Sözi takyk manysynda ulanmak möhümdir