JEMGYÝET

Döwlet Baştutanymyz Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejelerinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, “Amul — Hazar” halkara awtorallisi hem-de 2018-nji ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ata Watanymyzyň sportda ýeten belent sepgitleriniň görkezijileridir.

Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda ýene-de bir täze, şöhratly sahypa açyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalydyr. Bu üstünlik türkmen türgenlerini öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge we abraýly halkara ýaryşlarda täze ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparynyň döredilendigi we onuň düzüminiň tassyklanandygy bellenildi. Häzir türgenlerimiz Olimpiýa şäherçesiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport desgalarynda okuw-türgenleşik işlerini geçýärler. Ýurdumyzyň türgenlerini beýleki iri ýaryşlara taýýarlamak işleri hem dowam edýär.

Şulardan ugur alnyp, milli sportuň hem-de Halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, dünýäde Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrmaga goşan saldamly goşandyny nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi.

 

 

Aşgabat-Moskwa uçar gatnawynyň biletleriniň satuwy barada

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri