BILIM

Doktorantura kabul etmegiň tertibi

Doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi we doktorlyk dissertasiýasynyň üçden iki böleginiň ýerine ýetirilendigi barada şol ylmy
ugurdan işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň
Alymlar ge­ňeşiniň güwänamasy, şeýle hem Alymlar ge­ňeşi tarapyndan
berlen hödürnamasy bolan şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Doktoranturada okuwyň möhleti üç ýyl.
Doktorantura girýän adamlar doktorantura döredilen edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza bilen ýüz tutýarlar we şu resminamalary goşup berýärler:
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— terjimehal;
— № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4х6 sm ölçegindäki üç sany fotosurat;
— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy;
— zähmet depderçesiniň nusgasy;
— neşir eden ylmy işleriniň, oýlap tapyşlarynyň, patentleriniň sanawy
we nusgalary, ýerine ýetiren ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary hakyndaky hasabatlarynyň sanawy;
— üç ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýan doktorlyk
dissertasiýasyny taýýarlamagyň meýilnamasy;
— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary
okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar ge­ňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 böleginiň taýýardygy hakyndaky güwänamasy;
— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary
okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar ge­ňeşiniň hödürnamasy;
— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary geçirýän iki sany ylymlaryň doktorynyň syny, olarda temanyň ylmy esaslandyrmasyna we derwaýyslygyna hem-de dissertasiýany taýýarlamagyň hödürlenýän meýilnamasyna baha berilmelidir, şeýle-de üç ýylyň dowamynda
ony ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi görkezilmelidir.
Doktorantura girýänler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi hakyndaky
diplomynyň we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgalaryny
getirip görkezmelidirler.

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim edaralarynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar

Salgyt hukugy magistr derejesi boýunça Amerikanyň iň gowy 10 kukuk mekdebi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen VSO halkara guramasynyň wekilleri duşuşdy

Özbegistanda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler