SIZDEN GELENLER

Dokma pudagynda hususy pudagyň orny

Türkmenistanyň dokma senagaty milli ykdysady strategiýa esasynda üstünlikli ösdürilýär. Çig mal eksport edýän döwletden gaýtadan işleýän senagatyň giň ýaýrawly döredilmegi netijesinde, taýýar önümleri öndürýän hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen eksport edýän ýurda öwürmekde bu pudaga aýratyn orun degişlidir. Häzirki döwürde dokma senagatynyň kuwwaty ýurdumyzda öndürilýän pagta süýüminiň agramly bölegini gaýtadan işlemek bilen, ondan nah ýüplük, dürli görnüşli matalar, tikin we trikotaž önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sany barha artýan gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň hatary barha artyp, netijede, öndürilýän önümleriň içerki bazarlardan artan bölegi daşarky bazarlara ugradylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tapgyrlaýyn taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirildi. Milli ykdysadyýetimize iri maýa goýumlarynyň uly mukdary çekildi. Netijede, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dokma toplumlaryň ençemesi guruldy. Şeýlelikde, türkmen harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy gazanyldy.

Dokma senagaty pudagyna hususyýetçileriň-de işjeň aralaşmagy, olara döwlet tarapyndan dürli goldawlaryň we ýeňillikleriň berilmegi, ýeterlik mukdarda karz serişdeleri bilen üpjün edilmegi, ýerli önümçiligi artdyrmak bilen baglanyşykly ýörite maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň ähli ugurlarynyň — pagta egriji, dokma, tikin-trikotaž, ýüpekçilik ugurlarynyň sazlaşykly ösüşini emele getirdi.

Türkmen dokmasyny ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamada täze önümçilikleri döretmek, şeýle-de öňden işläp gelýänlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak gaýragoýulmasyz meseleleriň hatarynda görkezilýär. Öňde goýlan şeýle wezipeleriň çözgüdine gowuşmagy Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, elýeterli we ýokary girdejili harytlaryň hasabyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga hem-de olaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga şert döretdi.

Ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmekde esasy wezipe öndürilýän ýerli pagtanyň ähli möçberini ýurdumyzda gaýtadan işlemek üçin öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän dokma önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmakdan we daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzy dokma pudagynda öndürilýän önümleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän we ýetilýän belent sepgitler bilen häsiýetlendirilýän döwletleriň hataryna goşmak, milli haryt öndürijilerimiziň sarp ediş bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem dokma senagatynda işjeň orun alýar. Birleşmäniň agzalary dürli pudaklary ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyby bolan önümleri öndürmek boýunça innowasion önümçilikleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar täjirçilik, jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygy, azyk, gurluşyk materiallary, himiýa, dokma senagaty, tikinçilik ýaly pudaklarda, mebel, aýakgap önümçiliginde we ş.m. janypkeş zähmet çekýärler. Hususy sektoryň wekilleri bilim, bedenterbiýe we sport ugurlary boýunça uly işleri alyp barýarlar, mahabat we neşirýat hyzmatlaryny edýärler.

Türkmen telekeçileri ýüplük önümçiliginde, dürli jorapdyr beýleki dokma önümleriň önümçiligi babatda öz mümkinçiliklerini giňeldýärler. Türkmen telekeçileri dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleriniň, dokalan ýantorbalaryň, milli şaý-sepleriň, düýe ýüňünden we dagdan agajyndan sowgatlyk harytlaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Bu önümler nepisligi, daşky keşbiniň göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar. Esasan hem, el halylary alyjylarda uly gyzyklanma döredýär.

Agabek Hudaýýarow, TOHU-nyň talyby.

 

 

 

Dokma senagatynyň aýdyň ýoly

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz