DÜNÝÄ

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň hem-de Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al Saýediň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Çäräniň resmi bölegi başlamazdan öň, iki ministriň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň dürli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.

Taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ozal gazanylan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.

 

Türkmenistanyň we Kataryň wekilleri söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag we logistika, nebit-gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we bank pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine netijeli dialogyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiniň jemleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

***

Türkmen wekiliýetiniň Doha saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow bilen Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Tuwar Al Kuwariniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň telekeçileriniň we işewür toparlarynyň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda zenanlar dialogynyň jemýleji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

Hazarda bekre balyklaryň tutulmagy babatda çözgüt kabul edildi

Türkmenistanyň we Gambiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi

BMG-de täze Baş sekretary saýlamak işi başlandy